Hytaýyň «Lenovo» kompaniýasy geljegiň kompýuterleriniň täze modelini tanyşdyrdy. Geň tarapy, täze noutbugyň içindäki ekranyň ýoklugydyr. Oňa derek, noutbugyň korpusynyň ýokarsynda diwarda ýa-da şoňa meňzeş aýratyn üstde şöhlelendirip, şekilleri edil ekrandaky ýaly aýdyň görkezýän prožektory ýerleşýär. Noutbugyň ýene bir aýratynlygy, gabyň içinde ýygnalýan klawiaturasydyr.
Görnüşi ýaly, noutbuk «Dolby Atmos»-da işleýän ses ulgamy we barmak yzy skaneri bilen üpjün edilendir. Häzirlikçe ekransyz täze noutbugyň haçan satuwa çykaryljakdygy barada maglumat berlenok.