Döwür we sanly tehnologiýa

14 Iýul 2022
932

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak we ulgamlaşdyrmak işlerini sanly ulgam arkaly has-da kämilleşdirmegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitleýär.

Ýurdumyzda notarial hereketini amala aşyrmagyň halkara tejribesinden ugur alnyp, internet torunyň çäksiz mümkinçiliklerini we sanly tehnologiýalary giňden peýdalanmak arkaly raýatlara we edara-kärhanalara hödürlenilýän hukuk hyzmatlarynyň elýeterliligi, çalt amala aşyrylmagy we maglumatlaryň howpsuzlygy doly üpjün edilýär. Ýurdumyzda notarial işini kämilleşdirmek maksady bilen, ähli notarial edaralar optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edilip, notariatyň bir bitewi maglumatlar ulgamy döredildi.

Aýgül MEREDOWA,
Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar