"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ynamda uly güýç bar

Durmuşda adama ýaşamaga, döretmäge, gurmaga, jemgyýetde öz ornuny tapmaga ýardam berýän duýgular bolýar. Ynsan kalbyna ganat berýän, täze ýeňişlere ruhlandyrýan, döredijilikli ýaşamaga ylham berýän mukaddes duýgy ynamdyr. Seni gurşap alýan daşky dünýädäki özara gatnaşyklaryň esasynda ynam we birek-birege ynanyşmak durýan bolsa, bu eýýäm durmuşyňdaky uly utuşdyr. Meniň üçin iň esasy zatlaryň biri deň-duşlarymyň, ýakynlarymyň maňa bolan ynamlary bolupdy. Kähalatlarda, durmuş ummanynda gäminiň däli tolkunlara berlip, ýalňyş menzillere sowulmagynyň öňüni alyp, uzaklarda umyt yşygy bolup gol bulaýan çelgä öwrülen hem ynam duýgusydyr. Durmuşda üstünlik gazanmagyň ilkinji syry ynam bolsa gerek. Ol ynam, ilki bilen, dogduk öýüňden, iň ýakyn hossarlaryň gatnaşygyndan başlanýar. Gelniniň hamyla bolanyny duýandan, onuň daşynda hozanak bolup, her bir zatda gorap-goldaýan ýanýoldaşyň, aladaçyl ene-atalaryň, mährem dogan-garyndaşlaryň, dost-ýardyr goňşy-golamlaryň, garaz, ýakyn-u-ýadyň kalbynda nesil dowamatyna bolan mukaddes gatnaşyk bilen bir wagtda dünýä geljek bäbegiň il-güne ýaramly, halal süýt emen, ýagşylyga ýaran adam bolup ýetişjekdigi barada nurana ynam bar. Agzy üýtgäp başlandan, adam atlary bilen gyzyklanyp, bäbegine iň owadan, iň mynasyp at dakmaga höweslenýän gelindir onuň ýakynlary täze dünýä injek çaganyň öz adyna, aslyna laýyk ömür sürjekdigine ynanýarlar.

Eşretli durmuşyň eýeleri

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda uly ösüşlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň barha dabaralanýandygyna, paýhasly başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde giňden goldaw tapýandygyna guwanjymyz, buýsanjymyz artýar. Watanymyzyň kuwwatynyň, dünýäde abraý-mertebesiniň barha artmagynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda ýadawsyz zähmet çekýän gelin-gyzlaryňam uly goşandy bar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň meýilnamasyna laýyklykda, Gumdag şäher zenanlar geňeşi hem milli ýol-ýörelgelerimize esaslanyp, türkmeniň maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak we bu gymmatlyklarymyzy ýaşlara ýetirmek maksady bilen, zenanlaryň arasynda wagyz-ündew çärelerini, maslahatlary yzygiderli guraýar, bäsleşikleri geçirýär. «Gyz edebi — il edebi», «Gyz edebi — gyzyl gül», «Gyzym gözel — edebi ozal» ýaly mowzuklarda geçirilýän şol çärelerde durmuş tejribesi ýetik eneler hem-de gelin-gyzlar çykyş edýärler. Şeýle çykyşlar örän täsirli bolup, olaryň gyzlary özbaşdak durmuşa taýýarlamakda, gaýyn-gelin gatnaşyklaryny öwretmekde ähmiýeti diýseň uludyr. Gyzlara milli tagamlary, el işlerini taýýarlamagy öwretmek boýunça işlerem ünsden düşürilmeýär. Sport ýaryşlary bolsa olaryň bedeniniň berk, ruhunyň belent bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine hemişe eýermeklerinde giň mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

Gyz edebi — il edebi

Ýakynda Baýramaly şäherindäki 13-nji mekdep-internatda şäher häkimligi bilen mekdep-internatyň “Meňli” atly gyzlar klubunyň bilelikde guramagynda “Gyz edebi — il edebi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Baýramaly şäher häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Altynjemal Daňatarowa çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eşretli durmuşyň hözirini görüp, yhlasly zähmet çekýän eli çeper türkmen gelin-gyzlarynyň sarpasynyň belent tutulýandygy, ula-kiçä sylag-hormat goýmalydygy, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, urp-adatlarymyza uly üns berilýändigi barada gürrüň berdi.

Asylly ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir ata-ene öz perzendiniň ykbalynyň kuýaşydyr, şahsyýetiň kemala gelmeginde jemgyýetiň hem täsiri uludyr, ýöne öz Watanynyň ösüşine goşant goşýan ynsanyň kemala gelmegi ata-enäň göreldesine, beren terbiýesine berk baglydyr» diýip belleýşi ýaly, terbiýe maşgaladan başlanýar. Maşgala ynsanyň dünýä inenden başlap, onuň ilkinji we ömürlik terbiýe ojagydyr. Üç ýaşa çenli döwürde çaganyň beýnisi örän çalt ösýär. Çaganyň aňynyň ösüşiniň aglaba pursatlary maşgalada terbiýelenýän döwründe, galyberse-de, çagalar bagyndaky döwründe bolup geçýär. Bu döwürde ata-eneler öz çagalary bilen has içgin söhbetdeş bolup, olaryň içki oý-pikirleri bilen hemişe gyzyklanmalydyr. Olar çagalarynyň psihologiýasyna aralaşyp, perzendiniň isleglerini hemmetaraplaýyn öwrenip, oýlanyşykly hereket etmelidir. Çaganyň soraglaryna, isleglerine mümkin boldugyça jogap bermelidir. Ýaş aýratynlygyna görä çemeleşip, çaganyň özünde ynam döretmeli.

Maşgala mukaddesligi

«Öý-ojagyň gelşigi — maşgala mukaddesligi» diýen at bilen Gumdag şäher zenanlar guramasy wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Maşgala gymmatlygynyň jemgyýetimizdäki ornuna, ähmiýetine we ony gorap saklamaga bagyşlanan bu çärä ýaşlaryň uly topary gatnaşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maşgala gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek, ony berkitmek ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz maşgalanyň özboluşly ilkinji guramadygyny nygtap, her bir maşgalanyň maddy we ruhy taýdan üpjün bolmagy, onuň maddy üpjünçiliginiň gowulanmagy üçin ýadawsyz alada edýär. Bu barada çykyşlarda aýratyn nygtalyp geçildi we döredip berýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Çaga edebi eziz

Ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli, ylymly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerini terbiýelemek we milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen, talyp ýaşlaryň arasynda dürli wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Ýakynda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýany durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýaşuly nesliň, lukmanlaryň gatnaşmagynda «Çaga eziz — edebi ondanam eziz» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň ýerine ýetirmeginde gelin-gyzlarymyza bagyşlanan aýdymlaryň ýaňlanmagy çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

Kämil terbiýe

Tutanýerlilik bilen keçjallygyň tapawudyna dogry düşünmeli. Çaga nämedir bir zady isleýär we şol maksadyna ýetýär, ynha, şoňa tutanýerlilik diýilýär. Haçan-da, çaga bir zady özüniň isleýändigi üçin däl-de, eýsem, diňe şol hakda aýdandygy hem-de ulularyň onuň sözüni diňlemelidigi üçin talap edýän bolsa, bu keçjallykdyr. Keçjal çaga soň-soň hem soralýan zat ähmiýetini ýitirip, asla gerek däl bolsa-da, şol bir diýenini tutup durýar. Keçjallyk edende çagada köp mukdarda dartgynlylygy döredýän gormon — «adrenalin» bölünip çykýar. Olar özlerini ýere taşlap, el-aýaklaryny hereketlendirip, ýadasalar hem biraz ara salyp, ýene şol hereketlerine başlaýarlar. Şol pursat olar gowy eşitmeýärler, gowy görmeýärler. Bu ýagdaý, adatça, birnäçe minut dowam edýär. Şol wagtyň içinde çaga bar güýjüni sarp edýär we soňra özüni boşaşan ýaly duýýar.

Maşgala agzybirligi — jemgyýetiň esasy daýanjy

Adam dünýä inende, ilki bilen, ene gujagynda hüwdülenýär. Sekuntlara çenli sanalgy durmuşyň hasaby şol pursatlardan dowam edip başlaýar. Dünýäniň abadanlygy, durmuşyň nuranalygy bolsa maşgalanyň bagtyndadyr. Öý-ojagyň berkarar bolmagy jemgyýetiň sazlaşykly ösüşleriniň biri hasaplanýar. Her bir döwletiň ykdysady, syýasy taýdan ösüşi halkynyň agzybirliginde jemlenýändir. Maşgalanyň bagty hem onuň agzalarynyň agzybirliginde we jebisligindedir. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri maşgala gymmatlygyna uly sarpa goýup gelýär. «Maşgalam — baş galam» diýlen parasatly jümle biziň dilimizde hemişe gaýtalanyp dur. Bu sözler indi adamlaryň durmuş şygaryna öwrülip gidipdir diýsegem ýalňyş bolmaz. Öňde goýlan maksada agzybirlikde, bilelikde ýetmekde maşgalanyň goldawy esasy orunda durýar. Her bir adamyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde jemgyýetiň uly orna eýe bolşy ýaly, perzendiň terbiýesinde ata-enäniň orny örän uludyr. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlen pähim halkymyzda giňden ýaýrandyr. Maşgalada perzent terbiýesi esasy orunda durmalydyr. Bu babatda alnanda, ata-ene perzent üçin görelde bolmalydyr. «Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem ýagşy» diýlen durmuş taglymatyna eýerilmelidir. Maşgala gatnaşyklary bilen baglanyşykly döredilen paýhasly pikirler baý durmuş tejribesine eýe bolan pederlerimizden miras galypdyr. Görüm-görelde terbiýäniň naýbaşysydyr. Hormatly Prezidentimiz «Döwl

Maşgala mukaddesligi

Baş gala Maşgala ojagynyň mukaddesligi, ene-ata bolan söýgi, sadalyk, zähmetsöýerlik, ula hormat goýmak ýaly düşünjeler öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. “Maşgalam — baş galam” diýilişi ýaly, maşgala bu biziň birek-birege kömek bermäge borçlanýan gurşawymyz. Maşgala jemgyýetiň iň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin hem maşgala jemgyýet we döwlet tarapyndan goralýar.

Çaga — durmuşyň güli

Zenan maşgala dünýä injek çagasynyň aladasyny heniz göwresindekä edip başlaýar. Çaga enesiniň göwresinde ösüp, bellibir kada ýetende, onuň duýuş synalaryndan ilki bilen gulagy eşidip ugraýar. Eşidýän zatlarynyň ýakymlydygy ýa-da däldigi netijesinde bolsa, çaganyň bedeninde dürli duýgular döreýär. Şol duýgular hem çaganyň geljekki ösüşine, özüni duýşuna täsir ýetirýär diýlip hasap edilýär. Çaga dünýä inenden soňra ilkinji aýlarda onuň duýgy synalary kämilleşip, bellibir derejä ýetýänçä, beýniniň akyly kämilleşdirýän bölekleri heniz işjeň ýagdaýa ýetişmedik bolýar. Bellibir döwürde ene bilen çaganyň gatnaşygy esasan, duýgular arkaly amala aşýar. Soňra duýgular beýnä täsir edip, çaganyň aňlamak, ýatda saklamak, pikirlenmek ýaly ukybyny günsaýyn artdyrýar. Çaga doglandan soň, lukmanyň barlagyndan geçirilip durulmagy, çaganyň kadaly ösüp ulalmagynda ilkinji zerurlyklaryň biridir. Şeýle edilende çagada dogabitdi ýetmezçilikleriň bardygy ýa-da ýokdugy anyklanylýar. Lukmançylyk tehnologiýalarynyň ösmegi netijesinde, olaryň käbirini entek çaga enesiniň göwresindekä hem bilmek bolýar. Doglan wagtynda agramy 2500 gramdan pes bolan we boýy 45 santimetre ýetmedik çagalar wagtyndan ozal dünýä inen diýlip hasaplanylýar. Wagtyndan öň doglan çagany hassahanada ýöriteleşdirilen ýapyk ýatakda ýatyrýarlar. Ol çagany yzygiderli ýagdaýda zerur bolan ýylylyk, çyglylyk, kislorod bilen üpjün edýär. Kes

Ba­la­la­ryň sö­ýe­ni, ene­le­riň ge­re­gi

Ene gujagyna meňzedilýän sallançagyň döreýiş taryhy gadymy döwürlere uzaýar. Ol bäbekleriň rahat uklamagy üçin oýlanyp tapylandyr. Ilki-ilkiler balasyny ýatyrmak islän ene ony gujagynda ikibaka yralapdyr. Iki aýagyň üstünde ýassyk goýup, çagajygy yralap ýatyrma endigi-de şondan gözbaş alyp gaýdýar. Aslynda şol wagtlar çagany rahatlandyrmak üçin şuňa meňzeş dürli usullara ýüzlenilipdir. Bu gündogar halklaryna mahsus häsiýet. Mysal üçin, koreý, hytaý, ýapon zenanlary çagany mata bilen arkasyna daňyp, ikiýana yranmak arkaly ýatyrypdyrlar. Şol bir wagtda olar ýöräp ýören ýerlerinden öý işleri bilen meşgullanypdyrlar. Netijede bir wagtda iki işi ýerine ýetiripdirler. Irki döwürler sallançaklar öýde iki tarapa ýüpli çekilen matalardan ýasalypdyr. Soňra oňa ýörite ýüp bilen bag edilip, ony çekmek arkaly üwrelipdir. Bagly sallançaklar gündogar halklarynda has köp ulanylypdyr. Ýewropada olara derek ýokardan ýa-da diwarda kakylan uzyn taýakdan asylyp goýulýan sallançaklar ulanylypdyr. Sebede meňzeş bu sallançaklar gül bogdajygyny ýada salyp, ýumşak howa geçýän perde bilen örtülipdir. Çagany mör-möjekleriň bimaza etmezligi üçin perdäniň ähmiýeti uly bolupdyr.

Çaga bilen bilelikde işlemegiň anyk mysallary

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryň we ylmy işleriň awtory, tejribeli psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris.

Ene yhlasy

Güýzüň ortaky aýynda uniwersiteti bile okan boýdaşym Jeren bize myhmançylyga geldi. Ikimiz çaý başynda okan ýyllarymyzy hem Tejeniň ekin meýdanlarynda daýhanlara pagta ýygmaga kömek beren döwrümizi ýatladyk. Ondan bäri otuz ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, wakalar biziň ýadymyzda ýakynda bolan ýaly şol aýdyňlygy bilen dur. Boýdaşym gürrüňimiziň arasynda: «Seniň ejeň duzuny iýipdik, ýadyňa düşýärmi, pagta ýygýan ýerimize kakaň barypdy» diýdi. Men: «Heý, şol günlerem ýadymdan çykarmy?» diýdim. Göz öňümde şol hezil günler janlandy.

Saba-säher seni ýatlamda käbäm

— «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka dünýämiz doludyr. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyndan.

Mukaddeslikleriň ýolunda

Mukaddeslik adamyň aňyna, edebine, ýaşaýyş-durmuş garaýşyna berk ornaşandyr. Bu düşünjä uýýan adam köneden gelýän millilik hem adamkärçilik edebine uýup, onuň öňünde gürrüňsiz baş egýär. Mukaddeslik diýen düşünje adam ömrüni boýdan-başa gurşap alýar. Dünýä ýaňy inen akja bäbegiň özi mukaddeslik. Ene-ata uly umyt bilen, uludan toý tutup, ýakyn-ýadyny üýşürip, ýagşydan-ýagşy at dakyp, mundan beýläk ömrüniň manysyny, maksadyny öz perzendiniň abraýyna, bagtyna guwanmakda görýär.

Ýüz ýaşly enäniň bagtly ojagy...

Bir asyry, ýagny 100 ýaşy arka atan mähriban ene Şerpe Koçkarowanyň agzybir maşgalasynda bolup, onuň gyzykly gürrüňlerini diňlemek ýakymly täsirleri galdyrdy. Ol gürrüňini bagtly döwrümiz barada buýsançly sözler bilen başlap, birdenem, çagalyk, ýaşlyk ýyllaryna dolandy. Çagalykdan zähmete werziş bolan gyz keçe basyp, kilim dokanyny, ot ýatyryp, bede taýýarlanyny, pagta ýygyp, goýun kökerip, sygyr saganyny gürrüň berende enäniň ýüzünde şatlyk alamatlary göründi, gasyn basan gözleri şöhlelendi. Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda doglup, önüp-ösen gyzyň ýaşlygy Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär.

Nah parça we begres don biçüwi

46-njy ölçegde uzyn geýinýän ýigitler, şeýle hem ýaşulular üçin Galňas nah parçalardan, dürli reňkli goýy ýaşyl, goýy gök, mawy, süýt reňk has-da çäkmen reňk begres donlar erkek kişilere diýseň gowy ýaraşýar, olaryň görküne görk goşýar. Olary salyhatly görkezýär.

Kädili çorba

Gerekli önümler: 3 dilim kädi (iri dilimlenen bolmaly), 1 sany ýeralma, 1 sany käşir, 2 litr suw, 3 nahar çemçe ösümlik ýagy, 1 sany sogan, 3 diş sarymsak, 1 bulgur süýt, 1 çaý çemçe duz, 1 çaý çemçe gara burç, 1 çaý çemçe gyzyl burç.

Beýi şerbedi

Gerekli önümler: orta ululykdaky 1 sany beýi, 4 bulgur suw, beýiniň çigitleri, 1 nahar çemçe kişmiş, 2 sany gwozdika.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar 2021-nji ýyl Dekabr

1.HAMAL (Guzy 21.03—20.04) Hamallar üçin dekabr aýynyň ilkinji ongünlügi gyzgalaňly geçer. Hünär-iş orunlarynda olar täze başlangyçlary öňe sürerler, işlerini batly depginlerde alyp bararlar. Hamallaryň öňünde hünär ugurlarynda kämilleşmek üçin giň mümkinçilikler açylar. Tejribeli hünärmenler bilen pikir alşyň. Hünär ugrunda ýörite kitaplary okaň. Aýyň ikinji ýarymynda hamallara gyzykly duşuşyklar garaşýar. Dekabr aýy at-abraýy galdyrmagyň, kärdeşleriňiz bilen dil tapyşmagyň döwrüdir.