Mukaddeslikleriň ýolunda

26 Noýabr 2021
3000

Mukaddeslik adamyň aňyna, edebine, ýaşaýyş-durmuş garaýşyna berk ornaşandyr. Bu düşünjä uýýan adam köneden gelýän millilik hem adamkärçilik edebine uýup, onuň öňünde gürrüňsiz baş egýär.

Mukaddeslik diýen düşünje adam ömrüni boýdan-başa gurşap alýar. Dünýä ýaňy inen akja bäbegiň özi mukaddeslik. Ene-ata uly umyt bilen, uludan toý tutup, ýakyn-ýadyny üýşürip, ýagşydan-ýagşy at dakyp, mundan beýläk ömrüniň manysyny, maksadyny öz perzendiniň abraýyna, bagtyna guwanmakda görýär.

Gülälek ORAZOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň agzasy.