Kämil terbiýe

9 Dekabr 2021
2438

Tutanýerlilik bilen keçjallygyň tapawudyna dogry düşünmeli. Çaga nämedir bir zady isleýär we şol maksadyna ýetýär, ynha, şoňa tutanýerlilik diýilýär. Haçan-da, çaga bir zady özüniň isleýändigi üçin däl-de, eýsem, diňe şol hakda aýdandygy hem-de ulularyň onuň sözüni diňlemelidigi üçin talap edýän bolsa, bu keçjallykdyr. Keçjal çaga soň-soň hem soralýan zat ähmiýetini ýitirip, asla gerek däl bolsa-da, şol bir diýenini tutup durýar.

Keçjallyk edende çagada köp mukdarda dartgynlylygy döredýän gormon — «adrenalin» bölünip çykýar. Olar özlerini ýere taşlap, el-aýaklaryny hereketlendirip, ýadasalar hem biraz ara salyp, ýene şol hereketlerine başlaýarlar. Şol pursat olar gowy eşitmeýärler, gowy görmeýärler. Bu ýagdaý, adatça, birnäçe minut dowam edýär. Şol wagtyň içinde çaga bar güýjüni sarp edýär we soňra özüni boşaşan ýaly duýýar.

Gunça MÄMMETDURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.