Bir asyry, ýagny 100 ýaşy arka atan mähriban ene Şerpe Koçkarowanyň agzybir maşgalasynda bolup, onuň gyzykly gürrüňlerini diňlemek ýakymly täsirleri galdyrdy. Ol gürrüňini bagtly döwrümiz barada buýsançly sözler bilen başlap, birdenem, çagalyk, ýaşlyk ýyllaryna dolandy. Çagalykdan zähmete werziş bolan gyz keçe basyp, kilim dokanyny, ot ýatyryp, bede taýýarlanyny, pagta ýygyp, goýun kökerip, sygyr saganyny gürrüň berende enäniň ýüzünde şatlyk alamatlary göründi, gasyn basan gözleri şöhlelendi.
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda doglup, önüp-ösen gyzyň ýaşlygy Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär.