Eşretli durmuşyň eýeleri

20 Dekabr 2021
1935

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda uly ösüşlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň barha dabaralanýandygyna, paýhasly başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde giňden goldaw tapýandygyna guwanjymyz, buýsanjymyz artýar. Watanymyzyň kuwwatynyň, dünýäde abraý-mertebesiniň barha artmagynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda ýadawsyz zähmet çekýän gelin-gyzlaryňam uly goşandy bar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň meýilnamasyna laýyklykda, Gumdag şäher zenanlar geňeşi hem milli ýol-ýörelgelerimize esaslanyp, türkmeniň maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak we bu gymmatlyklarymyzy ýaşlara ýetirmek maksady bilen, zenanlaryň arasynda wagyz-ündew çärelerini, maslahatlary yzygiderli guraýar, bäsleşikleri geçirýär. «Gyz edebi — il edebi», «Gyz edebi — gyzyl gül», «Gyzym gözel — edebi ozal» ýaly mowzuklarda geçirilýän şol çärelerde durmuş tejribesi ýetik eneler hem-de gelin-gyzlar çykyş edýärler. Şeýle çykyşlar örän täsirli bolup, olaryň gyzlary özbaşdak durmuşa taýýarlamakda, gaýyn-gelin gatnaşyklaryny öwretmekde ähmiýeti diýseň uludyr. Gyzlara milli tagamlary, el işlerini taýýarlamagy öwretmek boýunça işlerem ünsden düşürilmeýär. Sport ýaryşlary bolsa olaryň bedeniniň berk, ruhunyň belent bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine hemişe eýermeklerinde giň mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

Arazjemal NAZARGYLYJOWA,
Gumdag şäheriniň häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň şäher geňeşiniň başlygy.