Maşgala agzybirligi — jemgyýetiň esasy daýanjy

3 Dekabr 2021
2573

Adam dünýä inende, ilki bilen, ene gujagynda hüwdülenýär. Sekuntlara çenli sanalgy durmuşyň hasaby şol pursatlardan dowam edip başlaýar. Dünýäniň abadanlygy, durmuşyň nuranalygy bolsa maşgalanyň bagtyndadyr. Öý-ojagyň berkarar bolmagy jemgyýetiň sazlaşykly ösüşleriniň biri hasaplanýar. Her bir döwletiň ykdysady, syýasy taýdan ösüşi halkynyň agzybirliginde jemlenýändir. Maşgalanyň bagty hem onuň agzalarynyň agzybirliginde we jebisligindedir. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri maşgala gymmatlygyna uly sarpa goýup gelýär. «Maşgalam — baş galam» diýlen parasatly jümle biziň dilimizde hemişe gaýtalanyp dur. Bu sözler indi adamlaryň durmuş şygaryna öwrülip gidipdir diýsegem ýalňyş bolmaz. Öňde goýlan maksada agzybirlikde, bilelikde ýetmekde maşgalanyň goldawy esasy orunda durýar. Her bir adamyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde jemgyýetiň uly orna eýe bolşy ýaly, perzendiň terbiýesinde ata-enäniň orny örän uludyr. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlen pähim halkymyzda giňden ýaýrandyr. Maşgalada perzent terbiýesi esasy orunda durmalydyr. Bu babatda alnanda, ata-ene perzent üçin görelde bolmalydyr. «Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem ýagşy» diýlen durmuş taglymatyna eýerilmelidir. Maşgala gatnaşyklary bilen baglanyşykly döredilen paýhasly pikirler baý durmuş tejribesine eýe bolan pederlerimizden miras galypdyr. Görüm-görelde terbiýäniň naýbaşysydyr. Hormatly Prezidentimiz «Döwlet guşy» romanynda kakasy Mälikguly aganyň, «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda ejesi Ogulabat ejäniň nusgalyk göreldesi barada täsirli gürrüň açýar. Olarda kakasynyň uruş ýyllarynda ýaşlygyna garamazdan, halkyň alkyşyna mynasyp işleri amal edişi, Ogulabat ejäniň gyzlaryna el işlerini we myhman kabul etmegiň düzgünlerini öwredişi barada beýan edilýär. Perzendiňe diňe iş buýurmak bilen çäklenmän, eýsem, ony özüň edip görkezmek, berýän öwüt-nesihatyňa özüň amal etmek çagalarda aýratyn täsir galdyrýar. «Çaga kalby ak kagyz ýalydyr» diýilmesi hem muny doly tassyklaýar. Ak kagyzyň ýüzüne näme ýazsaň, şony-da okarsyň diýen manyda aýdylan bu jümle maşgalada perzent terbiýesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Maşgalany durmuşda perzentler berkidýär. Şonuň üçinem, maşgala bagtyýarlygyny gazanmakda nesil terbiýesine aýratyn ünsi gönükdirmek möhümdir. Bagtyýar durmuşymyzyň kepili bolan maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki bagta beslenen gül Diýarymyzda maşgala agzybirligi jemgyýetimiziň esasy daýanjydyr.

Bahar ÝEGELEKOWA,
Gubadag etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.