Sagdynlygyň gözbaşy

12 Maý 2021
864

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda köpçülikleýin sport çärelerini, şol sanda welosipedli ýörişleri geçirmek babatda ajaýyp däbiň başyny başlady. Bu başlangyç watandaşlarymyzyň doly goldawyna mynasyp boldy. Olar paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda guralýan şeýle çärelere ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şol çäreler bolsa türkmenistanlylaryň müňlerçesini, şol sanda awtoulaglaryň eýelerini birleşdirýär. Olar bu günlerde awtoulaglaryny sürmeýärler. Şeýlelikde, ýollarda awtoulag serişdeleriniň sany ep-esli azalýar. Bu bolsa, öz nobatynda, umumy ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsir edýär.

Ine, öňňin hem döwlet Baştutanymyz ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Ozal habar berlişi ýaly, şanly sene mynasybetli 10 — 25-nji maý aralygynda şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary çykyş etdiler. Şunda milli Liderimiziň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli işleri aýratyn ähmiýete eýe boldy. Munuň özi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Diýarymyzda ykdysady we durmuş ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary raýatlarymyzyň ähli babatda abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

«Aşgabat».