Watançylyk taglymy

2 gün öň
65

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň mysalynda

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» hem-de «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaplaryny peşgeş berdi. Olar hormatly Prezidentimiziň iň ýokary döwlet wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanan dessine yglan eden şygarynyň — «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen çagyryşynyň düýp manysyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Aslynda, bu çagyryş döwlet Baştutanymyzyň baş taglymynyň gysgaça beýanydyr diýsek, ýerlikli bolar. Bu taglymda Watan, döwlet we halk düşünjeleri özara berk baglydyr.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».