Gahryman Arkadagymyz ŞHG-niň sammitinde çykyş etdi

2 gün öň
76

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. Hormatly Arkadagymyz «ŞHG+» görnüşinde guralan ýokary derejeli duşuşykda çykyş edip, ýurdumyzyň bu düzüm bilen hyzmatdaşlykda ileri tutýan ugurlaryna ünsi çekdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Astana şäheri dünýäniň 16 ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlaryny bir ýere jemleýän möhüm çäräni kabul edýär. «Köptaraplaýyn dialogy berkitmek: durnukly parahatçylyga we ösüşe tarap ymtylmalar» mowzugynda geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de «ŞHG+» formatynda dowam edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Türkmenistana goýulýan hormatdan, biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ymtylmalardan nyşandyr.

«Türkmenistan»
Astana ş.
Beýleki habarlar