Astanada ŞHG-niň sammiti geçirilýär

4 Iýul 2024
64

Şu günler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsi Ýewraziýanyň merkezinde ýerleşýän Gazagystana gönükdi. Şu gün — 4-nji iýulda bu dostlukly ýurtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giň düzümdäki sammiti geçirilýär. Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de «ŞHG+» formatynda guralýan ýokary derejeli duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Munuň özi guramanyň çäginde Bitarap Türkmenistana bildirilýän uly hormatdan nyşandyr.

Ýeri gelende bellesek, ŞHG öz gözbaşyny 1996-njy ýylda esaslandyrylan «Şanhaý bäşliginden» alyp gaýdyp, 2001-nji ýylda düzüminiň giňeldilmegi bilen, ol «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy» diýlip atlandyryldy. Häzirki wagtda bu düzüme agza ýurtlaryň 9-sy — Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan Ýewraziýa yklymynyň 65 göterimini eýeläp, Ýer ýüzüniň ilatynyň tas ýarysy şu ägirt uly giňişlikde ýaşaýar.

«Türkmenistan»
Astana ş.
Beýleki habarlar