Türkmenistan dialog arkaly parahatçylyk söýüjilik däplerini ilerledýär

5 Iýul 2024
45

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Astanada ŞHG-niň sammitine we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat — Astana — Aşgabat, 4-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.