Durnukly ösüş maksatlaryny ilerledip

4 Iýul 2024
57

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagyna talyplardyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Iki günlük okuw sapagynyň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselesini üns merkezinde saklamak bilen, ählumumy we sebit gün tertibi babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk edýär. 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň maksatlary we wezipeleri ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem ileri tutulýan ugurlaryna kybapdaş gelýär.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar