Gum ýylagy

4 Iýul 2024
40

Güneşli ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi bar. Sähra ýerlerinde ösýän ösümlikler hem özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Diýarymyzda bitýän täsin ösümlikleriň biri-de gum ýylagydyr.

Gum ýylagy topalaklar maşgalasyna degişli bolan efemer, ýagny ösüş döwri gysga bolan ösümlikdir. Ýaşaýyş şekili boýunça porrukly köpýyllyk ösümlikleriň hataryna girýär. Gum ýylagynyň köp şahajykly ýaýraň kök ulgamy bolup, esasy köki gögereninden 2-3 aý geçensoň guraýar. Onuň dik ösýän silindr şekilli inçe baldaklary bolup, 7 santimetrden 30 santimetre çenli ösmäge ukyplydyr. Ösümligiň açyk ýaşyl reňkli gynýapraklary bardyr. Gum ýylagynyň gyralary ýiti digirlenen çalymtyl öwüsýän ýaşyl reňkli göni ýapraklary bolup, olaryň ölçegleri ösüş döwürlerine baglylykda üýtgeýär. Gülleýän döwründe ýapraklary uzyn bolup, güllän wagty örän owadan görnüşe gelýär. Miwelände ýapraklarynyň uzynlygy baldaklarynyňkydan tas iki esse dagy gysgalýar. Bu ösümligiň gül degresi bolmaýar. Bir sünbülde 3-den 6-a çenli erkek jynsly gülleri dykyz birleşendir. Bu güller ýumurtga şekiline eýe bolup, ölçegleri 1,5-2,5 santimetr aralygynda bolup bilýär. Gum ýylagy mart aýynda gülläp, maý aýynda miwe getirýär hem-de çägesöw toprakda gowy ösýär. Şeýle-de gum ýylagy şol bir ýerde 4 ýyla çenli ýaşamaga çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

Aziza FURKATŽANOWA,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň işgäri.
Beýleki habarlar