Hoşniýetli goňşuçylygyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň nusgasy

4 Iýul 2024
51

«Daragt — köki, adam dostlary bilen güýçli», «Dostluk — bahasyz baýlyk», «Dostuň orny — törde» diýýän gazak halky hemişe-de dostluga aýratyn gadyr goýup, dünýä dost goluny uzadýar. Ine, şu günlerem tutuş Ýewraziýanyň dostlukly ýurtlarynyň Liderleri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejeli sammitine gatnaşmak üçin «Beýik sährada» jem boldular. Doly hukukly agzasy bolmasa-da, Bitarap Türkmenistan hem bu guramanyň geçirýän sammitlerine yzygiderli gatnaşýar. Gahryman Arkadagymyz dürli ýyllarda onuň çärelerine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, sebit we yklym ähmiýetli möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Döwletimiziň daşary syýasat strategiýasyny üýtgewsiz durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem ŞHG-niň 2021-nji, 2022-nji, 2023-nji ýyllarda guralan sammitlerine çagyryldy we Milli Liderimiz tarapyndan beýan edilen teklipleriň üstüni ýetirip, olary mazmun taýdan baýlaşdyrýan täze başlangyçlar bilen çykyş etdi. Bu asylly däbiň nobatdaky Astana sammitinde-de dowam etdirilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artýandygynyň anyk güwäsine öwrüler.

Taryhyny 1996-njy ýylda esaslandyrylan «Şanhaý bäşliginden» alyp gaýdyp, 2001-nji ýylda geriminiň giňeldilmegi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna öwrülen bu düzüme agza ýurtlar (Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan) häzirki wagtda Ýewraziýa yklymynyň 65 göterimini eýeläp, Ýer ýüzüniň ilatynyň tas ýarysy şu ägirt uly giňişlikde ýaşaýar. Gurama girýän döwletleriň jemi içerki önüminiň umumy möçberi 23 trillion amerikan dollaryna deň bolup, munuň özi dünýä jemi içerki önüminiň dörtden bir bölegi diýmekdir. ŞHG ýurtlarynyň ýakyn goňşularymyz we dostlarymyz, öňden gelýän hyzmatdaşlarymyzdygyny nazara alsak, Türkmenistanyň guramanyň çäginde ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika ugurly gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirmeginiň düýp sebäbi öz-özünden düşnükli bolýar. Munuň özi biziň döwletlerimiziň kuwwatly serişde we önümçilik binýady bilen bagly bolup, ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribeler bu babatda ösüşiň täze gözýetimlerini açýar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar