Çeper gimnastika: 39 türgenden 29 medal

2 gün öň
48

Ýurdumyzyň ýaşajyk gimnastikaçylary Daşkent şäherinde indi 14-nji gezek geçirilen «Merry Caravan» atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallaryň 29-syna mynasyp boldular. Munuň özi 39 türgenimiziň agramly böleginiň medal gazanandygyny görkezýär. Hoş habaryň has guwandyryjy tarapy, 6 — 16 ýaş aralygyndaky aşgabatly, maryly we türkmenbaşyly türgenleriň 18 altyn, 10 kümüş we bir bürünç medal gazanmagydyr.

Halkara ýaryşda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykanlaryň arasynda Gurbanjemal Ýagşymyradowanyň, Maýagözel Amanowanyň, Seýrana Hemraýewanyň, Ýewa Strelsowanyň, Sofiýa we Ameliýa Bensleriň, Reýhan Amanowanyň, Mahym Gurbanowanyň, Bogdana Kotukowanyň, Sara Gulberdiýewanyň, Ada Aýlin Günaslanyň, Lolota Awanesowanyň, Sara Hojaahmedowanyň, Irina Kononowanyň, Medine Akyýewanyň, Amaliýa Alekperowanyň, Leýli Batyrowanyň we Patma Kambarowanyň atlaryny görýäris. Sofiýa Tawarasýan, Aýna Akyýewa, Ýuliýa Malsewa, Inara Hanowa, Gözel Gurbanowa, Aýsen Abdyllaýewa, Aýperi Garajaýewa, Aýnur Täçgulyýewa, Enaý Hakyýewa, Halifa Jawadowa bolsa halkara ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldular. Ýeke-täk bürünç medal Selin Başyrowanyň paýyna düşdi.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».