Mukaddes Mekanda gurbanlyk sadakasy

19 Iýun 2024
124

Döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny üpjün edýän Gurban baýramynyň mazmunynda ruhy gymmatlyklarymyz, milli ynanç-ygtykatlarymyz öz beýanyny tapyp, halkymyzda oňa watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän baýram hökmünde uly sarpa goýulýar. Bu mukaddes baýramyň şanyna Diýarymyzyň ähli künjeginde her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, gurbanlyk sadakalary berilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, şu sahawatly günlerde ildeşlerimiziň uly topary haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iberildi. Şunuň bilen baglylykda, keramatly Mekge-Medinä haj zyýaratyny amala aşyrýan watandaşlarymyz hem hajy Arkadagymyzyň, Arkadagly hajy Serdarymyzyň beýik işleriniň rowaç bolmagyny, halkymyzyň we tutuş adamzadyň parahat ýaşaýşyny dileg edip, gurbanlyk sadakasyny berdiler.

Ýeri gelende, geçen ýylyň iýunynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynda haj däp-dessurlaryny berjaý edip, keramatly Mekge topragynda berlen gurbanlyk sadakasyna gatnaşandygyny bellemek gerek.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar