"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Pekine syýahat

Ajaýyp telediň Hytaý Halk Respublikasynda göge uzaýan binalaryň sany juda köp. Zehinli binagärleriň iň täsin işleriniň biri Pekin şäherinde ýerleşýän Hytaýyň «CCTV» teleýaýlym merkeziniň diňidir. Bu özboluşly ajaýyp taslamanyň awtory gollandiýaly ussat arhitektor Rem Kolhasdyr. Diňiň düýbi 2004-nji ýylda tutulyp, bina 2008-nji ýylda ulanylmaga berildi. 475 müň kwadrat metr meýdany tutýan 234 metrlik bina iki sütünden ybarat bolup, depesi we aşaky bölegi özboluşly keseleýin görnüşde birigýär. 54 gatdan ybarat bu binanyň islendik uly täsirli ýertitremelerine hem çydamlylygy bellärliklidir. Binanyň içi birnäçe radiogepleşik, wideoýazgy we iş otaglaryndan ybaratdyr.

Gar we buz festiwaly

Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän Harbin şäherinde her ýyldaky ýaly, bu ýyl hem «Harbin halkara gar we buz heýkeltaraşlygy festiwaly» geçiriler. Eýýäm 23-nji gezek geçirilýän dünýäniň iň uly göwrümli festiwallarynyň biri bolan gar we buz festiwalyna dünýäniň ähli künjeklerinden buz heýkeltaraşlary gatnaşyp, öz işlerini hödürleýärler. Festiwaldaky ulanylýan buzuň ählisini şäheriň golaýyndaky Sungari derýasyndan alýarlar. 600 müň inedördül metrden gowrak meýdanda ýerleşýän gar we buz festiwalynyň geçirilýän ýeri dünýädäki iň uly göwrümli buz parkydyr. Bu parkyň içinde lazerler we dürli çyrajyklar bilen bezelen buz heýkelleriniň müňlerçesini, şol sanda Meksikadaky Kukulkana piramidasy ýa-da Moskwa Kremli ýaly dünýäniň iň meşhur ýerleriniň buzdan nusgalaryny hem görmek mümkin. Bu ýylky festiwalyň aýratynlyklarynyň biri parkda ägirt uly synlaýyş çarhynyň ýerleşdirilmegidir. Her ýyl bolşy ýaly, festiwalyň 5-nji ýanwarda açylmagyna we 1 aý dowam etmegine garaşylýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat ― Frankfurt uçuşlarynyň sanyny azaltdy

​«Türkmenistan» awiakompaiýasy Aşgabat ― Frankfurt aralygyndaky uçuşlaryň hepdelik sanyny wagtlaýyn azaldar. Maýn boýundaky Frankfurt şäheriniň halkara howa menziliniň berýän maglumatlaryna görä, hepdede iki gezek amala aşyrylýan uçuşlar gyş meýilnamasynada bir gezege geçirildi.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

5-nji gün. 3-nji düşelge. Magtymguly etraby Üç otagly muzeý bolsa-da, göýä Magtymguly Pyragy jaýyň bir burçunda hat-ýazuwa gümra bolup oturan ýaly duýga gaplanýarsyň. Bu ýerde ähli zat tebigy, adaty durmuşa ýakyn görnüşde ýerleşdirilipdir.

«FlyDubai» Aşgabada göni howa gatnawlaryny dikelder

«FlyDubai» awiakompaniýasy Dubaý ― Aşgabat ― Dubaý arasyndaky göni howa gatnawlaryny dikelder. Bu barada Gulf Business habar berdi. Göni gatnawlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndan başlap dikeldiler we her häpdäniň duşenbe, penşenbe günleri amala aşyrylar.

«Türkmenistan» aiwakompaniýasy BAE-niň paýtagtyna göni uçar gatnawyny dikeltdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine göni howa gatnawlaryny dikeltdi. Bu barada «Turkmenportala» awiakompaniýanyň Baş edarasyndan habar berildi. Iki ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji uçuş 23-nji dekabrda Aşgabat şäherinden amala aşyryldy. Häzirlikçe Aşgabat ― Abu-Dabi aralygyndaky uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Uçar anna güni agşam sagat 18:00-da ýola düşüp, şol gün ýerlli wagt bilen 21:00-da Abu-Dabiden Aşgabada sary uçýar.

Russiýadan Türkmenistana elektron biletleri türkmen manadynda satyn alyp bolar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana amala aşyrýan halkara gatnawlarynyň biletleriniň onlaýn söwdasyny amala aşyrýar. Moskwa-Türkmenbaşy we Kazan-Türkmenabat ugurlary boýunça gatnawlaryň biletlerini türkmen manadynda satyn almak bolar. Biletleri www.turkmenistanairlines.tm saýtyndan satyn alyp, ony “Altyn asyr” bank kartyndan gölemek bolar. Bu barada “orient.tm” neşirinde habar berilýär.

Russiýadaky «Türkmenistan» howa ýollarynyň baş agentligi 2023-nji ýylyň fewral aýy üçin petek satuwyna başlady

Russiýadaky «Türkmenistan» howa ýollarynyň baş agentligi 2023-nji ýylyň fewral aýynda Moskwa — Türkmenbaşy we Kazan — Türkmenabat uçuşlary üçin awiapetekleriň satuwyny açdy. Türkmenistanyň raýatlary üçin Moskwadan Türkmenbaşy şäherine awiapetekleriň bahasy 28,439 rubl (2022-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky ýagdaýy), Kazandan Türkmenabat şäherine 27,389 rubl bolar. «Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky tertip boýunça Moskwadan Türkmenbaşy we Kazandan Türkmenabat şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar:

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). (Ýolýazgy. Balkan welaýaty)

Täsinlikler äleminde

Yşyklaryň ýalkymy Şu günler dünýäniň ähli ýerlerinde Täze ýyl arçalary bezelýär. Rim şäherindäki Gün panelleri arkaly elektrik togy bilen üpjün edilen «Fotoelektrik» diýlip atlandyrylan Täze ýyl arçasynyň yşyklandyryş bezegleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Rim hökümeti tarapyndan döredilen bu täsin bezeg işleri energiýany tygşytlamakda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Käbir adamlaryň pikirine görä, bu pikiriň durmuşa geçirilmegi elektrik çykdajylarynyň möçberiniň tygşytlanmagyna hem ýardam eder.

Halkara howa gatnawlaryň petekleriniň bahasy ep-esli arzanlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, türkmen raýatlary üçin birnäçe halkara gatnawlaryň petekleriniň bahasyny 30% arzanladar. Bu barada «Orient» habar berdi. Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler

Žül WERN,fransuz ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda). (Ýolýazgy. Balkan welaýaty)

Dostlukly döwletleriň paýtagtlarynda

Täsin bina Baku şäherinde ýerleşýän, gaýtalanmajak gözelligi, çuň many-mazmuny bilen tapawutlanýan «Alaw» binasy geçmişde halkyň oda ybadat edenligini aňladýar. Desga 3  sany ýalyn görnüşli diňlerden ybarat bolup, hersiniň özboluşly üçburçluk görnüşde bolmagy onuň binagärlik aýratynlygydyr. 140 metr beýiklikde duran Bakuwyň «Alaw» binasy şäheriň islendik nokadyndan görünýär. Bina 39 gatdan, ýagny ýaşaýyş jaýlaryndan, myhmanhanadan we edara ofislerinden ybaratdyr. «Alawyň» daşky bezeg işlerinde yşyklandyryş ulgamyndan we LED ekranlaryndan peýdalanylypdyr. 3 metr uzynlygy bolan her bir LED zolagy kompýuter arkaly dolandyrylýar we şäher görnüşlerine päsgelçilik döretmezlik üçin binanyň içinden yşyklandyryş bezegleri görünmeýär. Desganyň özboluşly egrilik görnüşi we dürli penjire ölçegleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bina ýurduň iň beýik desgasy hasaplanýar.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda). Ikinji düşelge. 3-nji gün. Gyzylarbat

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlar üçin biletleriň bahasyny arzanlatdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy amala aşyrýan halkara uçar gatnawlarynyň biletleriniň bahasyny arzanlatdy. Indi halkara gatnawlaryň awiabiletleriniň bahasynda 2,5 göterim arzanladyldy. Bu barada "Turkmenportal" web saýtynda habar berilýär. Aşgabatdan Dubaý, Kazan, Moskwa, Stambul we Franfurrt ugurlary boýunça biletleri bahasynda arzanladylyş amala aşyryldy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy daşary ýurtlardaky petek satuw ofisleriniň sanawyny neşir etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web sahypasynda daşary ýurtlarda hereket edýän petek satuw ofisleriniň sanawyny çap etdi. Awiakompaniýanyň wekilhanalary we wekilleri Belarusda, Gazagystanda, Russiýada, Türkiýede, BAE-de, Germaniýada, Taýlandda, Hindistanda, Hytaýda we Angliýada işleýär.

Sagdynlyk, syýahatçylyk merjeni

Ynsan saglygy — ýurdumyzyň baş baýlygy. Ajaýyp döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň pugtalandyrylmagyna uly üns berilýär, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gojaman deňziň kenarynda zamanabap «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bina edilip, adamlaryň rahat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli şertler döredildi. Şeýlelikde, Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenary halkara derejedäki ajaýyp şypahanalar merkezine öwrüldi. Ýakynda, has anygy, 24-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde geçiren iş maslahaty bu ugurda has uly maksatlaryň nazarlanýandygyny tassyklady. Iş maslahatynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäginde, 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) wekillerini we hünärmenlerini Türkmenistana çagyrmak, olaryň saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara syýahatçylygyň ösdürilmegine bagyşlanan maslahaty guramak baradaky teklip öňe sürüldi. Ekologiýa, tebigy we lukmançylyk syýahatçylygynda, medeni syýahat ugurlarynda mümkinçilikleri artdyrmak, olary ulgamlaýyn esasda giňeltmek üçin 2023-nji ýylyň dowamynda bu ugurlar boýunça halkara guramalar, daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýörite tejrib

Koreý dünýäsine syýahat

Koreý dili Ýer ýüzündäki iň sypaýy dilleriň biri hasaplanylýar. Gepleşikde ulanyljak sözler we olaryň goşulmalary söhbetdeşe bolan garaýşa, oňa goýulýan hormatyň derejesine görä üýtgäp durýar. Koreý dilinde işlik hemişe sözlemiň ahyrynda gelýär. Bu dilde sanlaryň iki görnüşi ulanylýar: gadymdan gelýän koreý sanlary we Hytaýdan geçen sanlar. Olaryň birinjisi, köplenç, 100e çenli, beýlekisi ýüzden aňyrsyny sanamakda ulanylýar. Ula hormat goýmak babatda koreýlerde gadymdan gelýän ýörelge bar: Gyzlar özünden uly ýigitlere ýüzlenenlerinde «Oppa» diýen sözi ulanaýmaly. Çaga kakasyna «Appa» diýip ýüzlenýär. Orta ýaşdaky äraýal birbirege ýüzlenenlerinde hökman «Ebo» (mähribanym) diýýärler. Dükanda ýada bazarda birekbirege «Sonnim» diýip ýüzlenilýär. Hormat bildirmegiň iň gowy usuly — sözleşilende «Sajannim» (hormatly hojaýyn) diýen sözleri ulanmakdyr.

Syýahatçylyk pudagy — täze wezipeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ösüşli, özgerişli, buýsançly we şöhratly ýollar bilen öňe barýar. Halkymyzyň her bir güni taryhy wakalara, ösüşleriň täze menzillerine beslenýär. Täze taryhy eýýamda döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi babatda toplumlaýyn işleriň yzygiderli geçirilmegi, milli kanunçylygyň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi ähli ulgamlar bilen bir hatarda, häzirki zaman syýahatçylyk pudagyny düýpli ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň kanunçylyk esaslary öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alýar. Esasy Kanunymyzyň 15-nji maddasynda: «Döwlet medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýär», 56-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär» diýlip, binýatlaýyn konstitusion kadalar kesgitlenýär. «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurduň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.