Russiýadan Türkmenistana elektron biletleri türkmen manadynda satyn alyp bolar

26 Dekabr 2022
898

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana amala aşyrýan halkara gatnawlarynyň biletleriniň onlaýn söwdasyny amala aşyrýar. Moskwa-Türkmenbaşy we Kazan-Türkmenabat ugurlary boýunça gatnawlaryň biletlerini türkmen manadynda satyn almak bolar.

Biletleri www.turkmenistanairlines.tm saýtyndan satyn alyp, ony “Altyn asyr” bank kartyndan gölemek bolar. Bu barada “orient.tm” neşirinde habar berilýär.