Koreý dünýäsine syýahat

1 Dekabr 2022
840

Koreý dili Ýer ýüzündäki iň sypaýy dilleriň biri hasaplanylýar. Gepleşikde ulanyljak sözler we olaryň goşulmalary söhbetdeşe bolan garaýşa, oňa goýulýan hormatyň derejesine görä üýtgäp durýar. Koreý dilinde işlik hemişe sözlemiň ahyrynda gelýär. Bu dilde sanlaryň iki görnüşi ulanylýar: gadymdan gelýän koreý sanlary we Hytaýdan geçen sanlar. Olaryň birinjisi, köplenç, 100e çenli, beýlekisi ýüzden aňyrsyny sanamakda ulanylýar.

Ula hormat goýmak babatda koreýlerde gadymdan gelýän ýörelge bar: Gyzlar özünden uly ýigitlere ýüzlenenlerinde «Oppa» diýen sözi ulanaýmaly. Çaga kakasyna «Appa» diýip ýüzlenýär. Orta ýaşdaky äraýal birbirege ýüzlenenlerinde hökman «Ebo» (mähribanym) diýýärler. Dükanda ýada bazarda birekbirege «Sonnim» diýip ýüzlenilýär. Hormat bildirmegiň iň gowy usuly — sözleşilende «Sajannim» (hormatly hojaýyn) diýen sözleri ulanmakdyr.

Taýýarlan Gunça IŞANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy.