Dostlukly döwletleriň paýtagtlarynda

14 Dekabr 2022
758

Täsin bina

Baku şäherinde ýerleşýän, gaýtalanmajak gözelligi, çuň many-mazmuny bilen tapawutlanýan «Alaw» binasy geçmişde halkyň oda ybadat edenligini aňladýar. Desga 3  sany ýalyn görnüşli diňlerden ybarat bolup, hersiniň özboluşly üçburçluk görnüşde bolmagy onuň binagärlik aýratynlygydyr. 140 metr beýiklikde duran Bakuwyň «Alaw» binasy şäheriň islendik nokadyndan görünýär. Bina 39 gatdan, ýagny ýaşaýyş jaýlaryndan, myhmanhanadan we edara ofislerinden ybaratdyr. «Alawyň» daşky bezeg işlerinde yşyklandyryş ulgamyndan we LED ekranlaryndan peýdalanylypdyr. 3 metr uzynlygy bolan her bir LED zolagy kompýuter arkaly dolandyrylýar we şäher görnüşlerine päsgelçilik döretmezlik üçin binanyň içinden yşyklandyryş bezegleri görünmeýär. Desganyň özboluşly egrilik görnüşi we dürli penjire ölçegleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bina ýurduň iň beýik desgasy hasaplanýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.