Sagdynlyk, syýahatçylyk merjeni

2 Dekabr 2022
814

Ynsan saglygy — ýurdumyzyň baş baýlygy. Ajaýyp döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň pugtalandyrylmagyna uly üns berilýär, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gojaman deňziň kenarynda zamanabap «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bina edilip, adamlaryň rahat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli şertler döredildi. Şeýlelikde, Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenary halkara derejedäki ajaýyp şypahanalar merkezine öwrüldi.

Ýakynda, has anygy, 24-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde geçiren iş maslahaty bu ugurda has uly maksatlaryň nazarlanýandygyny tassyklady. Iş maslahatynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäginde, 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) wekillerini we hünärmenlerini Türkmenistana çagyrmak, olaryň saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara syýahatçylygyň ösdürilmegine bagyşlanan maslahaty guramak baradaky teklip öňe sürüldi. Ekologiýa, tebigy we lukmançylyk syýahatçylygynda, medeni syýahat ugurlarynda mümkinçilikleri artdyrmak, olary ulgamlaýyn esasda giňeltmek üçin 2023-nji ýylyň dowamynda bu ugurlar boýunça halkara guramalar, daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýörite tejribe alyş geňeşlerini guramagyň wajypdygy bellenildi.

Mähri NURLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.