"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Galamdaşlygyň ýaşy bolmaýar

Döredijilik saparyny döredijilik duşuşygy geçirilmezden göz öňüne getirmek kyn. Şonuň üçin hem bu duşuşyk saparyň maksatnamasyna ýörite goşuldy. Onsoň hem döredijilige baş goşarsyň-da, gazet-žurnallaryň wekilleri, žurnalistler, ýazyjylar, şahyrlar bilen duşuşyp, olaryň maslahatlaryny diňläsiň gelmezmi?! Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap-şäher geňeşleri bilen bilelikde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen duşuşyga Jeýhunyň goşa kenaryndaky etrapdyr şäherlerimiziň ählisinden çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň we bu ugurda halypalyga ýeten ildeşlerimiziň uly topary gatnaşdy.

Salam, ene tebigat!

Maýyň 27-nji günündäki döredijilik duşuşygyndan soň saparymyz tebigat bilen duşuşyga syrykdy. Has takygy, «Niredesiň, Amyderýa goraghanasy!» diýip, demirgazyga sary ýola düşdük. Goraghananyň Seýdi şäherindäki edara binasyna baranymyzda bolsa şol gün onuň 41 ýaşyny doldurýandygyny aýtdylar. Tötänligiň bu sazlaşygy, elbetde, her birimiziň kalbymyzda goşa bahary oýardy. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öňüsyrasynda tebigatyň jümmüşinde bolmak has ýakymly. Ine, goraghananyň Gabakly meýdançasy. Gür jeňňel tä derýa çenli uzap gidýär. Ol janly-jandarlaryň, gör, näçesine öý bolup dur. Tebigatyň perzentleri bu ýerde erkin ýaşaýarlar. Olar üçin yzygiderli alada edilýär. Şeýlelikde, Amyderýanyň kenaryndaky gadymy tebigy gurşaw gaýtadan emele gelýär we gitdigiçe örüsini giňeldýär.

Akyldaryň gadamy düşen toprakda

— Magtymguly Pyragy baradaky rowaýatlaryň agramly bölegi welaýatymyz bilen bagly eken — diýen kärdeşimiz bilen saparyň üçünji gününi Idris baba taryhy ýadygärliginde dowam etdirmegi makul bildik. Pyragynyň gadamy düşen, nazary düşen gadymy medresä zyýarat saparyň mynasyp jemlemesi bolup biljekdi. Soň serimize gelen başga bir sazlaşyk bar: muzeýde başlanan sapar ýene-de gadymyýetiň jümmüşinde ― Idris babada tamamlanýar. Asyl şöhratly geçmiş diňe biziň tutuş döwrümize däl, eýsem, günlerimiziň her birine hem yşyk tutýan bolarly!

Jahana syýahaty Lebapdan başlaň!

Ugur Türkmenabada sary. Penjireden daş-töweregi synlap barşyňa, ulag däl-de, tutuş dünýä yza ― akyldar şahyryň gadamy düşen ýerlere atygsap barýana çalymdaş. Lebabyň arasy üzülmeýän ekerançylyk meýdanlary, biri-biriniň yzyndan kerwen gurap gelýän küren-küren obalar, hamana, bize gol bulap, deňlerinden geçirip durlar. Kalbyňy bolsa döwürlere syýahat bilen başlap, ýaş döredijiler bilen duşuşmagyň, ene tebigat bilen salamlaşmagyň, Magtymguly Pyragynyň gadam tozuny yzlamagyň hoşallygy gaplaýar. Şol mahal ähli ildeşlerime ― lebaplylara gaýybana ýüzlendim: Syýahat etmegi halaýarsyňyzmy? Onda bu işi hut Lebapdan başlaň! Çünki bu topraklary görmek siziň görmegi arzuw edýän şäherleriňizde ýaşaýanlaryň göwün islegi! Söýüň, gadyryny biliň! Biziň ajaýyp mekanymyz bar!

Gezsem, dünýäni görsem

Budapeştlileriň guwanjy Budapeştiň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Etnografiki muzeýi özüniň ajaýyp gurluşy bilen köpleri haýran galdyrýar. Täsin dizaýn gurluşygyna eýe bolan muzeý 2022-nji ýylyň 23-nji maýynda şäheriň merkezi seýilgähinde açyldy. Onuň umumy tutýan meýdany 34 000 inedördül metre deň bolmak bilen, muzeýiň köp bölegi ýeriň aşagynda gurlandyr. Binanyň birnäçe baýraklaryň eýesi bolmagy bu özboluşly gözelligiň haýran galdyryjylygynyň aýdyň subutnamasydyr.

"Türkmenhowaýollary" içerki gatnawlaryň uçuş tertibini üýtgetdi

"Türkmenhowaýollary" agentliginiň saýtynda içerki gatnawlaryň täze tertibi çap edildi. Ol 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyndan güýje girýär. Awiakompaniýa uçuş wagtynyň üýtgäp biljekdigini belleýär. Ýerli howa gatnawlary, käbir ugurlary hasaba almazdan, ýurduň ähli sebit howa menzillerinden her gün diýen ýaly amala aşyrylar.

Awaza – ýur­duň göw­her ga­şy

Türkmenistan — ajaýyp ýurt. Dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi, joşgunly derýalary, mahmala meňzeýän sähralary bolan bu ajaýyp tebigatly ülkäniň at-owazasy mundan ýüzlerçe asyr ozallaram Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýran. Dünýäde adygan ajaýyp Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuşy gazanmak hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige beslenýän döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Halkyň saglygy, uzak ömür sürmegi üçin medeniýetli dynç alşy, tebigatyň ynsana eçilen şypalaryndan peýdalanmak hakynda gürrüň açylanda bolsa, göz öňümize gelýän ilkinji merkez «Awaza» milli syýahatçylyk zolagydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gün-günden özgerýän Diýarymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda Awaza häzirki wagtda diňe bir ildeşlerimiziň däl, dünýä jahankeşdeleriniň hem gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Gojaman Hazaryň müňläp menzillere uzap gidýän balykgulakly kenary ap-ak mozaika eserini ýada salyp, onuň üstünde birsellem gezelenç etmek ýakymly duýgulary oýarýar, saglygy berkidýär. Hut şeýle gözelligi bir pursat synlap, Awazanyň sergin howasyndan dem alyp, şypaly mekana dynç almaga gelmek her kişiniň arzuwy.

Syýahatçylygy ösdürmegiň baý mümkinçiligi

Hormatly Prezidentimize ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda  Türkmenistanyň başlangyjy  boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, degişli güwänamalary gowşurdy. Bu waka bütin dünýäde syýahatçylaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana syýahat etmek islegini has artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary esasynda 2010-njy ýylyň maýynda «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary girdejili pudagy hökmünde syýahatçylygyň emele gelmegini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynyň ösmegini, syýahatçylaryň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň hukuk esaslaryny üpjün etdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Wýetnam bilen Angliýanyň arasynda ýük daşamagy ýola goýdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Wýetnam bilen Angliýanyň arasynda haryt daşamagy amala aşyran ilkinji awiakompaniýa boldy. Bu barada «Nhan Dan» agentligi «TT Meridian» halkara söwda we logistika kompaniýasyna salgylanyp habar berýär. «Täze ugur «Turkmenistan Airlines» awiakompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar we awiakompaniýa häzirlikçe Angliýa bilen Wýetnamyň arasyndaky ýeke-täk ýük gatnawçysydyr» diýlip, habarda bellenilýär.

«China Southern Airlines» Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär

«China Southern Airlines» Hytaýyň Urumçi şäheriniň üsti bilen Siandan (Hytaý) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine yzygiderli gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi diýip, «Trend» habar berdi. Awiakompaniýanyň habaryna görä, Sian — Urumçi — Aşgabat uçuşy her şenbe güni amala aşyrylar. Siandan ýolagçylar Pekin wagty bilen 17:30-da (GMT+8) ugrap, 23:10-da (GMT+5) Aşgabat şäherinde gonarlar.

Älem-jahanda

Täsin desga Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin iri taryhy ýadygärlikleri bilen birlikde täsin binagärlik gurluşa eýe bolan desgalary bilen hem jahankeşdeleriň ünsüni çekýär. Şeýle desgalaryň biri hem Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň (CCTV) edara binasydyr. Belentligi 234 metre barabar bolan 44 gatly binada ýurduň iň iri teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlanýar. Bina daşyndan seredeniňde burçy gädilen äpet desgany ýada salýar. Binanyň daşky bezeginde aýna esasy orny tutýar. Täsin desganyň gurluşygy 5 ýyllap alnyp barlyp, 2009-njy ýylda ulanmaga berildi. Edara binadan daşary desganyň çäginde uly teatr, myhmanhana we sergi meýdançasy bar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy bilet satmak boýunça daşary ýurt edaralarynyň sanawyny täzeledi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy özüniň resmi saýtynda Aşgabada we beýleki ugurlara biletleri alyp boljak daşary ýurtlardaky edaralarynyň we wekilhanalarynyň täzelenen sanawyny çap etdi. Täze sanawa laýyklykda Russiýada türkmen howaýollarynyň biletlerini satmak bilen 6 edara meşgullanýar. Olardan 5-si edara Türkiýede hereket edýär, ikisi — Birleşen Arap Emirliklerinde, üçüsi — Gazagystanda, ikisi —Tailandda, şeýle hem Hindistanda, Beýik Britaniýada, Germaniýada we Hytaýda hersinde bir ofis hereket edýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Deli şäherine gatnawlar artdyrylar, Pekine azaldylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 24-nji maýdan Aşgabat-Nýu-Deli uçar gatnawlaryny hepdede 2 gezek, ýagny çarşenbe we perşenbe günleri amala aşyryp başlar. Mundan ozal, bu ugur boýunça gatnawlar diňe ýekşenbe günleri amala aşyrylýardy. Bu barada “orient.tm” neşiri habar berýär. Aşgabat - Nýu-Deli uçar gatnawlarynyň awiabiletleriniň satuwy “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Biletiň bir tarapynyň bahasy 5532 manat 70 teňňe.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara gatnawlarynyň täze ugurlary açylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy yzygiderli tertipde amala aşyryljak halkara ýolagçy we ýük gatnawlarynyň ugurlaryny artdyrmagy maksat edinýär. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy Döwran Saburow Aşgabatda geçirilen halkara ulag forumynda belläp geçdi. “Türkmenistan” awiakompaniýasy Seul (Günorta Koreýa), Tokio (Ýaponiýa), Milan (Italiýa), Jidde (Saud Arabystany), Hoşimin we Hanoý (Wýetnam) ugurlary boýunça halkara uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maksat edinýär.

Täjigistan Respublikasyna syýahat

Gissar galasy Bu binalar toplumynyň ilkinji nusgasy 3000 ýyl töweregi mundan ozal gurlupdyr. Gissar galasy Täjigistanyň gözel künjekleriniň biri bolan Gissar jülgesindäki Kanaka derýasynyň boýunda, ýurduň gözel paýtagty Duşenbe şäheriniň, takmynan, 26 kilometr günbatarynda ýerleşýär. Bina asyrlaryň, ýyllaryň dowamynda birnäçe gezek täzeden gurlup, bejergi berlip, täzeçil öwüşginler girizilipdir. Soňky maglumatlara görä bolsa, bu binalar toplumy biziň eýýamymyzdan öňki 550-nji ýyllar töweregine, ýagny Siriusyň ilkinji döreden Beýik Pars imperiýasynyň döwürlerine degişlidir. Binalaryň asyl nusgasynyň köp bölegi wagtyň geçmegi bilen täzelenişe sezewar bolýar. Häzirki günlere çenli saklanyp galan, mundan, takmynan, 500  ýyl töweregi ozal gurlan bölegi bolsa onuň içindäki derwezesidir. Bu taryhy syýahatçylyk zolagyny görmäge gelýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Aýratyn hem, dynç alyş günleri bu ýeri has köp adamly bolýar. Şäherden bu ýere gelmek üçin döwrebap awtobus hyzmaty ýola goýlupdyr.

«FlyDubai» Dubaýdan Aşgabat şäherine uçuşlaryň sanyny köpeltdi

«FlyDubai» Dubaýdan (BAE) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine uçuşlarynyň sanyny hepdede dört gezege çenli artdyrdy. Indi şenbe güni hem bu ugur boýunça uçuşlar amala aşyrylar. 6-njy maýdan «FlyDubai» Dubaýdan Aşgabat şäherine hepdede dört gezege çenli uçuş sanyny köpeltdi. Uçuşlar duşenbe, çarşenbe, anna we şenbe günleri «Boeing 737 MAX» uçarynda amala aşyrylar. Ondan öň uçuşlar duşenbe, çarşenbe we anna günleri amala aşyrylýardy.

Keşt edeliň bu jahana

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär. Taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamagyň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň kabul edilen maksatnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda taryhy-medeni obýektleri gorap saklamak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda görnükli orun alan Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikleri dünýä syýahatçylarynda uly gyzyklanma döredýär.

TÄSINLIKLER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Ynsanyň ruhy dünýäsi elmydama gözellige, täsinlige teşne. Dünýädäki täsinlikleri bilmek, öwrenmek ruhy dünýämizi baýlaşdyrýar. Ýaş nesilleri dünýäniň täsinliklerinden habarly etmek maksady bilen, žurnalymyzyň şu sanynda dünýädäki käbir täsinlikler barada gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. IŇ KIÇI KITAPHANA

Älem-jahanda

Täsin şäher Daniýanyň iri şäheri hem-de paýtagty Kopengagen Zelandiýa adalarynda ýerleşýär. Kopengageniň 1043-nji ýylda ýönekeý balykçylyk şäheri hökmünde düýbi tutulypdyr. Soňra 1167-nji ýylda onuň töwereginde gala guruldy we şäher ilkinji adyny «Kopmannaehafn» — ýagny «söwda duralgasy» diýen ady aldy. Dünýäniň iň sagdyn şäheri diýlip hasaplanylýan Kopengagen şol bir wagtyň özünde syýahatçylaryň söýgüli ýerleriniň biridir. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň köp bölegi köçelerde we ýollarda welosiped arkaly hereket edýärler. Şäherde ýörite olar üçin niýetlenen ýollar hem örän köp. Gezelenç etmek üçin Kopengageniň birnäçe özüneçekiji ýerleri bar. Olaryň biri-de Andersonyň ägirt uly meşhurlyga eýe bolan ertekisindäki suw perisiniň heýkelidir. Ol bu ýerde XX asyryň başynda Karlsberg brendine eýe bolan maşgala agzalarynyň biriniň haýyşy boýunça peýda boldy. Dünýäniň ähli künjeklerinden jahankeşdeler bu heýkeli görmek üçin Kopengagene gelýärler. Şäheriň merkezinde bolsa, Ýewropadaky iň uzyn Stroget pyýada köçesi ýerleşýär.

«Dostluk kerweni» atly VI halkara awtoýörişe gatnaşyjylar ýurdumyza geldiler

Ýäňy-ýakynda «Dostluk kerweni» atly VI halkara awtoýörişe gatnaşyjylar «Farapawtoýollary» gümrük nokady arkaly ýurdumyza geldiler. Olar güler ýüz bilen garşy alyndy. Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinden badalga alan ýöriş Halkara awtoulag geňeşi we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan geçirilýär. Oňa 80-den gowrak türgen we döredijilik adamlary gatnaşýarlar.