Jahana syýahaty Lebapdan başlaň!

7 Iýun 2023
1380

Ugur Türkmenabada sary. Penjireden daş-töweregi synlap barşyňa, ulag däl-de, tutuş dünýä yza ― akyldar şahyryň gadamy düşen ýerlere atygsap barýana çalymdaş. Lebabyň arasy üzülmeýän ekerançylyk meýdanlary, biri-biriniň yzyndan kerwen gurap gelýän küren-küren obalar, hamana, bize gol bulap, deňlerinden geçirip durlar. Kalbyňy bolsa döwürlere syýahat bilen başlap, ýaş döredijiler bilen duşuşmagyň, ene tebigat bilen salamlaşmagyň, Magtymguly Pyragynyň gadam tozuny yzlamagyň hoşallygy gaplaýar. Şol mahal ähli ildeşlerime ― lebaplylara gaýybana ýüzlendim:

Syýahat etmegi halaýarsyňyzmy? Onda bu işi hut Lebapdan başlaň! Çünki bu topraklary görmek siziň görmegi arzuw edýän şäherleriňizde ýaşaýanlaryň göwün islegi! Söýüň, gadyryny biliň! Biziň ajaýyp mekanymyz bar!

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.