«Türkmenistan» awiakompaniýasy Wýetnam bilen Angliýanyň arasynda ýük daşamagy ýola goýdy

25 Maý 2023
1174

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Wýetnam bilen Angliýanyň arasynda haryt daşamagy amala aşyran ilkinji awiakompaniýa boldy. Bu barada «Nhan Dan» agentligi «TT Meridian» halkara söwda we logistika kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.

«Täze ugur «Turkmenistan Airlines» awiakompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar we awiakompaniýa häzirlikçe Angliýa bilen Wýetnamyň arasyndaky ýeke-täk ýük gatnawçysydyr» diýlip, habarda bellenilýär.