Älem-jahanda

17 Maý 2023
1338

Täsin desga

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin iri taryhy ýadygärlikleri bilen birlikde täsin binagärlik gurluşa eýe bolan desgalary bilen hem jahankeşdeleriň ünsüni çekýär. Şeýle desgalaryň biri hem Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň (CCTV) edara binasydyr. Belentligi 234 metre barabar bolan 44 gatly binada ýurduň iň iri teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlanýar. Bina daşyndan seredeniňde burçy gädilen äpet desgany ýada salýar. Binanyň daşky bezeginde aýna esasy orny tutýar. Täsin desganyň gurluşygy 5 ýyllap alnyp barlyp, 2009-njy ýylda ulanmaga berildi. Edara binadan daşary desganyň çäginde uly teatr, myhmanhana we sergi meýdançasy bar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
žurnalist.