Akyldaryň gadamy düşen toprakda

7 Iýun 2023
1231

— Magtymguly Pyragy baradaky rowaýatlaryň agramly bölegi welaýatymyz bilen bagly eken — diýen kärdeşimiz bilen saparyň üçünji gününi Idris baba taryhy ýadygärliginde dowam etdirmegi makul bildik. Pyragynyň gadamy düşen, nazary düşen gadymy medresä zyýarat saparyň mynasyp jemlemesi bolup biljekdi.

Soň serimize gelen başga bir sazlaşyk bar: muzeýde başlanan sapar ýene-de gadymyýetiň jümmüşinde ― Idris babada tamamlanýar. Asyl şöhratly geçmiş diňe biziň tutuş döwrümize däl, eýsem, günlerimiziň her birine hem yşyk tutýan bolarly!