"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Bäherden etrabynyň Nebit kärhanasynda “Sagdynlyk — bagtyýarlyk” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň guramagynda geçen duşuşyga kärhananyň işçi-hünärmenleri, partiýa işjeňleri gatnaşdy. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygyny goramak, raýatlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almagyna, saglygyny berkitmegine amatly şertleri döretmek, ildeşlerimiziň mynasyp durmuşda ýaşamagyny gazanmak babatda edýän taýsyz tagallalary barada täsirli gürrüň edildi. Onuň barşynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak, ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen bagly aýdylan öwüt-ündewler gyzgyn goldaw tapdy.

Täsirli geçen duşuşyk

Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti wagyz edildi. Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegini üpjün etmekde jemgyýetçiligiň wekilleriniň orny barada çykyş edildi. Çykyşlarda bellenişi ýaly, naýbaşy toýumyz bolan Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, daşary syýasy abraýyny pugtalandyrmakda, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda ýeneki tutumly işlere badalga bolar.

Aýdym-sazly dabara

Tejen etrabynyň Tejen şäheriniň “Arzuw” toý mekanynda etrap häkimliginiň iş meýilnamasy esasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim bölüminiň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikdäki guramagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. “Paýhas hazynasy, söz şalygynyň serweri Magtymguly Pyragy” atly dabara edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy. Dabarada şanly ýylymyzda Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde alnyp barylýan işler dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan çykyşlary dabaranyň şatlyk-şowhunyny belende göterdi.

Awazada şowhun-şatlykly dynç alyş dowam edýär

Şu günlerde gojaman Hazar deňziniň türkmen kenaryny bezäp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşyň gyzykly möwsümi dowam edýär. Bu ýerde köp sanly dürli derejeli myhmanhanalar, çagalara we ululara niýetlenen dynç alyş-sagaldyş binalary, medeni-durmuş ähmiýetli ymaratlar, kottej toplumlary, ýaht klublary, «Awaza» şypahanasy wagtlaryny hoş geçirmäge, saglygyny dikeltmäge, berkitmäge gelýän bagtyýar raýatlara nusgalyk hyzmatlary göreldeli ýola goýýarlar. Häzirki wagtda dünýä jahankeşdeliginiň merjenine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinden gelen dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlar maşgalalary bilen döwrebap dynç alýarlar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde geçirilýän maksatnamalaýyn medeni-köpçülik çäreleri öz oňyn netijelerini berýär.

Türkmenistanda ulag sürmek kurslaryna ýazylmak e.gov.tm döwlet hyzmatlary portaly arkaly onlaýn elýeterlidir

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin kurslara e.gov.tm döwlet hyzmatlar portaly arkaly onlaýn ýazylmak mümkinçiligi döredilendir. Bu hyzmat raýatlara öýden çykmаzdan, isleýän kategoriýasyny saýlamaga, zerur maglumatlary doldurmaga we okuw üçin töleg etmäge mümkinçilik berýär. Ýazgy e.gov.tm portalyndaky "Awtomobil mekdepleriniň birleşigi" bölüminde elýeterlidir. Ulanyjylar sürüjilik şahadatnamasynyň bäş kategoriýalarynyň birini saýlap bilerler: B, BC, C, D ýa-da E. Okuw bahasy saýlanan kategoriýa we kursuň dowamlylygyna baglylykda üýtgeýär.

«ÇaparPay»: ähli zerur tölegler bir programmada

«ÇaparPay» mobil programmasy Türkmenistanda hyzmatlaryň töleglerini amatly we çalt geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. «ÇaparPay» bilen diňe bir ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulandygy üçin jerimeleri däl-de, eýsem, beýleki dürli tölegleri hem çalt we rahat geçirip bilersiňiz. Jemagat hojalygy üçin tölegleri tölemek, «Belet» platformasyndaky balansyňyzy doldurymak, «Älem TV» emeli hemra teleýaýlymyna abunaňyzy tölemek – bularyň ählisi birnäçe gezek düwmä basmak arkaly elýeterli boldy. Indi nobatlara durmak ýa-da bankomat gözlemek zerurlygy ýok.

Maşgala mukaddesligi wagyz edildi

Köneürgenç etrabynyň Pagta egriji fabriginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap guramasynyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Maşgala mukaddesligi — öý-ojaklarymyzyň gelşigi» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň jogapkär işgärleri, mährem eneler, etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Köneürgenç etrap häkimliginiň baş hünärmeni, etrap zenanlar guramasynyň başlygynyň orunbasary Meňli Şamedowa, mährem ene Abat Ödäýewa, etrapdaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýnabat Toýlyýewa, 52-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnabat Halowa, TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Bilbil Hajyýewa dagy çykyş edip, döwletimiz tarapyndan zenanlaryň zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi, şonuň netijesinde zenanlarymyzyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandyklary barada giňişleýin çykyş etdiler. Şeýle hem maşgala mukaddesligini gorap saklamak, milliligimize ygrarly bolmak, ýaş nesillerimizi watansöýüji, zähmetsöýer edip terbiýelemekde zenanlara uly ornuň degişlidigi barada anyk mysallar arkaly gürrüň etdiler. Maslahatda maşgala mukaddesligini gorap saklamak, ýaramaz endiklerden daşda durmak, ýaş nesillerimiziň terbiýesine jogapkärli çemeleşmek ba

Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere laýyklykda hereket edýän, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ýokary wekilçilikli edaradyr. Häzirki döwürde halkymyz döwletiň syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Geçen döwürlerde geňeşler, esasan, ýaşulular bilen geçirilen bolsa, indi ýaşlaryň pikiri-de ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda has täsirli bolup durýar. Şeýlelikde, Halk Maslahaty dürli ýaşlardaky jemgyýetiň wekillerini öz içine alýar.

Watana wepalylygyň belent nusgasy

Umumadamzat paýhasynyň dürler hazynasynda, şol sanda türkmen halkynyň paýhas käninde ynsanyň belent ahlak häsiýeti hökmünde, ilkinji nobatda, watansöýüjilik bellenilýär, wagyz edilýär. Şu aýdylanlardan ugur alnanda, esasan, Watany söýmek, oňa wepaly bolmak, ony döş gerip goramak, umuman, Watan ogly bolmak ündelýär. Bu ýöne ýerden däl. Watanyny jany-teni bilen söýýän, oňa buýsanýan adam Diýarynyň şanly şu güni, beýik geljegi üçin edermenlik, gaýratlylyk, zähmetsöýerlik görkezip, taýsyz tagalla edýär. Hut şonuň üçin ata-babalarymyz nesillerine Watana wepaly bolmagy, nijeme asyrlyk geçmiş taryhymyzda uly orny eýelän beýik şahsyýetlerimiz Görogly, Jelaleddin, Alp Arslan ýaly gerçeklerden görelde, Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Jygaly begiň, Magtymgulynyň, Seýdiniň watansöýüjilik ündewlerinden sapak almagy ündäpdirler. Goja taryhyň geçen döwürlerinde türkmen halkynyň ýurt goran gerçekleri Watana wepalylyk bilen şanly ýeňişleri gazanypdyrlar, beýik işleri bitirip, öz atlaryny taryhyň altyn sahypalaryna, halkyň hakydasyna baky ýazypdyrlar. Bu babatdaky oňyn ýörelge, asylly görelde dowamat-dowam bolup, asyrlardan-asyra, nesillerden-nesle geçip gelýär.

Berjaý edilmeli düzgünler

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy watandaşlarymyzy tomus paslynyň yssy howaly döwründe ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, öýlerinden, iş ýerlerinden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, ähli elektrik we gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy, zerurlygy bolmadyk ulanylmaýan elektrik we gaz enjamlary ulanyşdan doly aýyrmagy, işläp duranlaryny iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmagyň örän howpludygyny ýatladýar. Tebigatyň gözel ýerlerinde, tokaý seýilgählerinde, öri – sähra meýdanlarynda açyk ot ýakmak, çilim çekmek, söndürilmedik otluçöpi taşlamak, uçgun berijileri ulanmak, çüýşe gaplaryny, aýna böleklerini we zir-zibilleri taşlap gitmek, çagalary gözegçiliksiz galdyryp, ot oýnamaklaryna ýol bermek, awtoulaglary ot-çöpli meýdanlara salmak, olara tehniki hyzmatlary geçirmek gadagan edilýär.

Ýaş nesiller üçin döwrebap mümkinçilikler

Öňňin ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy bilen bilelikdäki guran giň gerimli gözden geçirilişinde çagalar üçin harytlar senagatynda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan ýurdumyzyň işewür telekeçileri we daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler. Bu ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Esasan-da, bagtyýar çagalaryň şadyýan sesleri, ajaýyp aýdymlary köpleriň ünsüni özüne çekdi. Çagalaryň aýdym-sazly çykyşlary halkara sergi-ýarmarkasyna baýramçylyk öwüşginini çaýdy. «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Geňeşli il — döwletli il

Şeýle at bilen Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini ilata düşündirmekden ybarat boldy. Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän beýik wakalar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler hakda gürrüň edildi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti barada aýdyldy. Çykyş edenler Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda Halk Maslahatynyň ornunyň uludygyny nygtadylar.

Tomus — bereket bulagy

Berkarar döwletimiziň gül gujagynda bagtyýarlyk owazlary belentden ýaňlanýar. Ülkäniň dagy-düzi, mawy deňzi, oba-kendi, hatda gök ekinli pelleridir «ak altynly» atyzlary hem bereket joşgunyndan heýjana gelip, şirin owaz edýär. Ine, bagt mukamynyň iň joşgunly döwri bolan güneşli tomus paslynyň şatlyk-şagalaňly, gyzgalaňly günleri dowam edýär. Göräýmäge, möwsüme mahsus dynç alyşlar gaýnap-joşýandyram welin, içgin garanyňda, her günüň aladaly hereketi-de özüne ýetik. Oba ýeri ýa-da şäher merkezi diýmezden, hemmeler bereketli paslyň nygmatlaryny eşretli günler üçin gor edinýär. Şol bir wagtyň özünde, gyşyň gamyny-da iýýär. Munuňam özüne ýetesi sebäbi bar: halkymyz owaldan ahyra peder pendine uýup ýaşaýan millet. Ata-babalarymyz bolsa bize — nesillerine «Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz» diýip gidipdirler. Şeýle bolansoň, her birimiz «gyşyň gamyny ýaz iýmekden» ugur alyp, altyna deňelen wagtymyzy meýilleşdiren maksatlarymyza sazlap peýdalanýarys. Elbetde, tomsuna adatdakylardan köpräk dynç alynýar, şeýle hem bolsa, her işiň öz ýeri bar. Her kim göwün beren kesbiniň miwesi bolan halal rysgyny jemlemek, ideg edýän ýerinde ýetişýän hasyly yrýasyz ýygnamak, telekeçilik işinde ilerlemek, maşgala rysgyna nesip eden maýasyny dynç almaga, toý tutmaga, jaý gurmaga, öý-howlusyna serenjam bermäge, gyş taýýarlyklaryna... gönükdirmek ugrundaky höwesli arzuwlaryny amala aşyrýar. Özem

Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň ýurdy

Paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär 19-njy awgustda paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.

Bilim işgärleriniň maslahaty toý ruhunda işjeňlikde geçdi

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi. Welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan maslahata welaýatymyzyň öňdebaryjy bili.m işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Bilim işgärleri, ilki bilen, medeniýet ojagynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergä aýlanyp gördüler. Täzeçillik, döredijilikli çemeleşmeler bu sergide görkezilen okuw görkezme esbaplarydyr taslamalarda aýdyň duýuldy. Bu bolsa bilim işgärleriniň ukyp-başarnygynyň özboluşly güwäsi bolup dabaralandy.

Ýaş hünärmenler garşylandy

Bäherden etrabynyň bilim bölüminde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlap, bilim ulgamynda zähmet çekmek bagtyna eýe bolan ýaş hünärmenleriň garşylanyş çäresi geçirildi. Täze işe gelen ýaş hünärmenler zähmet ýoluna gadam basjak iş ýerleri bilen tanyşdyryldy. Etrap bilim bölüminiň garamagyna işe iberilen ýaş hünärmenler 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinden orta mekdeplerdir çagalar baglarynda zähmet ýoluna başlamak bilen, kämil bilimli, döwrümize mynasyp giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegi ugrundaky tagallalara goşant goşar. Ýaşlaryň halypa mugallymlara berkidilendigini aýratyn bellemek gerek. Munuň özi täze taryhy döwrümizde hem halypa — şägirtlik ýörelgesiniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Ki­tap­ha­na hü­när­men­le­ri­niň ba­şar­ny­gy

Ýakynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde ýurdumyzyň kitaphana hünärmenleriniň arasynda yglan edilen «Magtymguly Pyragy — şygry paýhas ummany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçen bäsleşige etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, ýaş kitaphanaçylaryň zehinini açyp görkezmek, ýurdumyzyň ösüşlerini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, kitaphana işiniň dürli ugurlarynyň üsti bilen wagyz etmek, kitaphana hünärmenleriniň kämil iş tejribelerini ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda ýaýratmak, şeýle-de şanly ýyly dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik turuwbaşdan uly täsirlere beslendi. Oňa gatnaşan kitaphana hünärmenleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän kitaplaryna syn bermekde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli usuly gollanma taýýarlamakda, beýik akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryny labyzly okamakda, halk döredijiligi boýunça çykyşy ýerine ýetirmekde özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oňa gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, şeýle-

Derwaýys wezipelere bagyşlandy

Ahal welaýat häkimliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň hem-de beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda welaýatymyzyň çäginde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda geçen wagyz-nesihat maslahaty hem şeýle çäreleriň biri boldy. Edara-kärhanalaryň, guramalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bolan maslahatda ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, döwrebap we ýokary amatly şertlerde ýaşamagy hem-de döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler hakda gürrüň edildi. Howanyň häzirki aşa gyzgyn günlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň kadalaryna berk eýermegiň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüň welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wekilleriniň çykyşlarynyň özenini düzdi. Bellenilişi ýaly, şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk ulanmak hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek möhümdir. Ýangynyň döremek howpy bar bolan ýerlerde, tokaýlarda, daglarda, dag eteklerinde, sähralarda we öri meýdanlarda sürüm zolaklary öz wagtynda geçirilmelidir, haşal otlardan arassalanmalydyr.

Wagyz-nesihat çäresi

Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, welaýat prokuraturasynyň, welaýat polisiýa müdirliginiň, welaýat kazyýetiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa welaýat prokuraturasynyň, welaýat polisiýa müdirliginiň, welaýat kazyýetiniň, TDP-niň welaýat komitetiniň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahat geçirildi

Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň kämil nusgasy TDP-niň Baýramaly şäher, etrap komitetleriniň, TKA-nyň şäher, etrap birleşmeleriniň, TMÝG-niň şäher, etrap geňeşleriniň bilelikde guramagynda Baýramaly şypahanasynyň medeniýet öýünde “Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň kämil nusgasy” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri, işjeň agzalary, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.