Derwaýys wezipelere bagyşlandy

20 Awgust 2024
100

Ahal welaýat häkimliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň hem-de beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda welaýatymyzyň çäginde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda geçen wagyz-nesihat maslahaty hem şeýle çäreleriň biri boldy.

Edara-kärhanalaryň, guramalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bolan maslahatda ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, döwrebap we ýokary amatly şertlerde ýaşamagy hem-de döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler hakda gürrüň edildi. Howanyň häzirki aşa gyzgyn günlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň kadalaryna berk eýermegiň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüň welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wekilleriniň çykyşlarynyň özenini düzdi. Bellenilişi ýaly, şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk ulanmak hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek möhümdir. Ýangynyň döremek howpy bar bolan ýerlerde, tokaýlarda, daglarda, dag eteklerinde, sähralarda we öri meýdanlarda sürüm zolaklary öz wagtynda geçirilmelidir, haşal otlardan arassalanmalydyr.

Gurbanmämmet SILGELDIÝEW,
Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany.