«ÇaparPay»: ähli zerur tölegler bir programmada

21 Awgust 2024
83

«ÇaparPay» mobil programmasy Türkmenistanda hyzmatlaryň töleglerini amatly we çalt geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. «ÇaparPay» bilen diňe bir ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulandygy üçin jerimeleri däl-de, eýsem, beýleki dürli tölegleri hem çalt we rahat geçirip bilersiňiz.

Jemagat hojalygy üçin tölegleri tölemek, «Belet» platformasyndaky balansyňyzy doldurymak, «Älem TV» emeli hemra teleýaýlymyna abunaňyzy tölemek – bularyň ählisi birnäçe gezek düwmä basmak arkaly elýeterli boldy. Indi nobatlara durmak ýa-da bankomat gözlemek zerurlygy ýok.