Ýaş nesiller üçin döwrebap mümkinçilikler

20 Awgust 2024
267

Öňňin ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy bilen bilelikdäki guran giň gerimli gözden geçirilişinde çagalar üçin harytlar senagatynda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan ýurdumyzyň işewür telekeçileri we daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler.

Bu ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Esasan-da, bagtyýar çagalaryň şadyýan sesleri, ajaýyp aýdymlary köpleriň ünsüni özüne çekdi. Çagalaryň aýdym-sazly çykyşlary halkara sergi-ýarmarkasyna baýramçylyk öwüşginini çaýdy. «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Ogulgurban REJEPOWA,
«Mugallymlar gazeti».