Geňeşli il — döwletli il

20 Awgust 2024
117

Şeýle at bilen Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini ilata düşündirmekden ybarat boldy.

Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän beýik wakalar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler hakda gürrüň edildi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti barada aýdyldy. Çykyş edenler Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda Halk Maslahatynyň ornunyň uludygyny nygtadylar.