"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Akyldaryň watansöýüjilik ýörelgeleri

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek mynasybetli, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň we çäreleriň halkara derejesinde giň gerime eýe bolýandygynyň nyşanydyr. Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde watançylyk duýgularyna uly orun beripdir. Akyldar şahyryň ýürek arzuwlary häzirki ajaýyp döwrümizde wysal boldy.

Tbiliside Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy

Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmegiň çäklerinde 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda «Ahundowyň öýi» muzeýinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan guralýan Magtymguly Pyragy: Gruziýanyň gözi bilen» atly fotosurat sergisi açyldy. «Magtymguly Pyragy: Gruziýanyň gözi bilen» atly fotosurat sergisiniň açylyş dabarasyna Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, professional suratçylar, şol sanda bu ugra höwesjeňler, medeniýet we sungat işgärleri, ylmy intelligensiýasy, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanmasy

Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, jemgyýetimiziň abadançylygy we ählumumy ruhy galkynyş Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan beýik işleriň ajaýyp miweleridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda bu hakykat has-da aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, oňa häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edilip, oňa laýyklykda, bu umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Asylly däbe görä, şanly senäniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň ösüş-özgerişli ýolunda ýetilen sepgitleriň, gazanylan uly üstünlikleriň, bitirilen tutumly işleriň jemleri jemlener hem-de belent sepgitlere ýetmek üçin täze wezipeler kesgitleniler.

Zäh­met­sö­ýer­lik — bag­ty­ýar­lyk­dan ny­şan

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Zäh­met­sö­ýer­lik yn­sa­ny be­ze­ýän iň ýag­şy hä­si­ýet­le­riň bi­ri­dir. Hut şo­nuň üçin hem şöh­rat­ly pe­der­le­ri­miz ne­sil ter­bi­ýe­sin­de bu me­se­lä aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip­dir­ler. Ösüp gel­ýän ýaş­la­ryň il-gü­ne we­pa­ly, il­ha­lar yn­san­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni ga­zan­mak­da ola­ryň aňy­na ki­çi­lik­den zäh­met­sö­ýer­lik duý­gu­la­ry­nyň or­naş­ma­gy­ny ga­za­nyp­dyr­lar. Esa­san hem, og­lan ça­ga­jyk­la­ryň eli­ne ki­çi­lik­den pil­dir kät­men ýa­ly iş gu­ral­la­ry­ny ber­se­ler, gyz­ja­gaz­la­ra öý-içe­ri­niň iş­le­ri­niň ýa­ny bi­len boş wagt­la­ry ell­e­ri­ne iň­ňe­dir sa­pak tut­du­ryp, el iş­le­ri­ni hem us­sat­lyk bi­len öw­re­dip­dir­ler. Bu peý­da­ly en­dik­ler ýaş­la­ryň boş wagt­la­ry­ny ne­ti­je­li ge­çir­mek­le­ri­ni, peý­da­ly iş­le­re sarp et­mek­le­ri­ni, ýa­ra­maz he­re­ket­ler­den daş­da dur­ma­klaryny ga­zan­dy­ryp­dyr.

Buýsanç dö­red­ýän be­ýik iş­ler

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň döw­le­ti­mi­zi dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na ýe­tir­mek ba­ra­da­ky taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bar­ha ro­waç­la­nyp, ösüş­le­riň röw­şen ýo­lu­na dü­şen­di­gi­ni bu gün bü­tin dün­ýä yk­rar ed­ýär. Hormat­ly Prezidentimi­ziň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sat­la­ry, be­ýik iş­le­ri biz ýaş­lar­da uly hy­juw, joş­gun we ru­hu­be­lent­lik dö­red­ýär.

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Hormatly Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary! Gadyrly türgenler!

«Kö­pet­da­gyň ete­gin­de gal­dy bu gün ör­bo­ýu­na»

Gö­wün­ler, ýü­rek­ler, bir bo­lup baş­lar,Tart­sa ýy­gyn, erär top­rak­lar-daş­lar,Bir sup­ra­da taý­ýar ky­lyn­sa aş­lar,Gö­te­ri­ler ol yk­ba­ly türk­me­niň – diý­mek bi­len, mäh­ri­ban türk­men hal­ky­nyň bir sup­ra­nyň ba­şyn­da jem­len­me­gi­ni, ag­zy­bir­lik­de bir ber­ka­rar döw­le­te gul­luk et­me­gi­ni ar­zuw­lap ge­zen Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň äh­li ar­zuw­la­ry­nyň ha­syl bo­lan za­ma­na­syn­da ýa­şa­mak, iş­le­mek, dö­ret­mek, gur­mak bag­ty mi­ýes­ser eden bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­myz öz akyl­dar şa­hy­ry­nyň hor­mat-sar­pa­sy­ny tut­mak­da, at-ab­ra­ýy­ny beý­gelt­mek­de hem dün­ýä nus­ga­lyk iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ama­la aşy­ryl­ýan, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­ýan şol be­ýik iş­le­riň ha­ta­ryn­da paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta bö­le­gin­de bi­na edi­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýa­dy­gär­li­gi­ni hem-de «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­ny buý­sanç bi­len gör­kez­mek bo­lar.

Okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şyk­la­ry ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak tej­ri­be

2 – 19-njy iýul ara­ly­gyn­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ýer­leş­ýän Bü­tin­dün­ýä We­los­port mer­ke­zin­de okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­nyň gu­ra­lyp, oňa türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň hem ça­gy­ryl­ma­gy Wa­ta­ny­myz­da spor­tuň bu gör­nü­şi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ber­len ýo­ka­ry ba­ha­nyň ny­şa­ny bol­dy. Ýyg­na­ny­şy­ga Türk­me­nis­ta­nyň We­los­port fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň tä­lim­çi­si Igor Ýul­da­şow hem-de Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň ta­ly­by, we­los­port bo­ýun­ça sport us­sat­ly­gy­na da­laş­gär Se­winç Gut­ly­my­ra­do­wa gat­naş­dy. Bi­ziň S.Gut­ly­my­ra­do­wa bi­len söh­bet­deş­li­gi­miz hem bu çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti ha­kyn­da­ky gür­rüň­den baş­lan­dy: – Bü­tin­dün­ýä We­los­port mer­ke­zi­niň bin­ýa­dyn­da ge­çen okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak tej­ri­be bol­dy. Şu­nuň ýa­ly ýo­ka­ry de­re­je­li ýyg­na­ny­şy­ga türk­men tür­ge­ni hök­mün­de gat­naş­mak me­niň üçin be­lent mer­te­be­dir. Bu çä­rä bäş ýur­duň we­kil­le­ri gat­naş­dy. Türk­me­nis­tan­dan baş­ga-da, Wýet­nam­dan iki tür­ge­niň hem-de Mon­go­li­ýa­nyň we Pa­kis­ta­nyň bir we­lo­si­ped­çi­si­niň gat­naş­ma­gy bi­ze şol döw­let­le­riň mil­li mek­dep­le­ri­niň de­re­je­si we ýe­ten sep­git­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­ret­di.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de hem-de we­la­ýat­la­ry­myz­da gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän sport mek­dep­le­ri­dir sport des­ga­la­ry­nyň be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bel­le­mek bo­lar. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Tä­ze za­man be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş top­lu­my­ny gör­kez­mek bo­lar. Bu aja­ýyp sport top­lu­my şeýle desgalaryň biridir. Bu ýerde 4 açyk sport meý­dan­çasy, şonça-da ýa­pyk sport zaly he­re­ket ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da spor­tuň dzýu­do, sam­bo, sö­weş sam­bo­sy, er­kin gö­reş, kik­boks, fut­bol we uly ten­nis gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tür­gen­le­şik­le­re ýaş­lar uly hö­wes bi­len gat­naş­ýar­lar. Ka­şaň iri des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun eýe­le­ýän döw­re­bap sport mek­dep­le­ri we sport des­ga­la­ry ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi di­ňe bir be­den taý­dan däl, eý­sem, ru­hy taý­dan hem ter­bi­ýe­le­mek­de, ýaş­lar­da mak­sa­daok­gun­ly­ly­gy, tu­tan­ýer­li­li­gi, öz­le­ri­ne hem-de üs­tün­lik­le­re bo­lan yna­my ke­ma­la ge­tir­mek­de we ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýedir.

Awaza — syýahatçylygyň türkmen nusgasy

Ha­za­ryň türk­men bö­le­gi sa­gal­dyş-dynç alyş we eko­lo­gi­ki sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mekde ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­hat­çy­lyk mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk hem ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. 2007-nji ýy­lyň iýun aýyn­da ge­çi­ri­len «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy dün­ýä möç­be­rin­de uly wa­ka bol­dy hem-de ýur­du­my­zyň dynç alyş we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça tä­ze­çe çe­me­leş­mä­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Bu äh­mi­ýet­li tas­la­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň nuk­daý­na­za­ryn­dan şeý­le wa­jyp tas­la­ma­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ama­la aşy­ryp, ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň ýa­şaý­şy üçin ze­rur şert­ler bi­len do­ly üp­jün et­mek­den yba­rat bo­lup dur­ýar. Şol ýy­lyň ahy­ryn­da bu sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyň il­kin­ji des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şyk­la­ry­na baş­la­nyl­dy. 2009-njy ýy­lyň iýu­nyn­da Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da tä­ze bi­na­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi. Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ýaşlar — Watanyň daýanjy

Bu sözler diýleninde, ilkinji nobatda, uly ýeňişlere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, şol ýylyň tamamlanmagy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halkymyza sowgat eden adybir ajaýyp kitaby bilen baglanyşykly ýakymly oý-pikirler, gazanylan zähmet üstünlikleri, amala aşyrylan iri taslamalar, durmuşa geçirilen beýik işler ýadyňa düşýär. Olaryň galdyran ýakymly täsirleri kalplara şatlyk, ýüreklere buýsanç paýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýän, ýaşlaryň eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardygy hakyndaky esasy pikir millionlarça ýaş ýüreklere mäkäm ornaşdy, olaryň mähriban Diýarymyzy gülledip ösdürmeklige ýugrulan belent maksatlarynyň amala aşmagy üçin şamçyrag bolup şugla saçdy. Şonuň üçin bu kitap ýaşlarymyzyň hemişelik durmuş hemrasyna, ruhlaryny göteriji gymmatlyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň özlerine bildirýän beýik ynamy ýaşlaryň täzeçe pikirlenmelerine, işe çynlakaý, jogapkärli çemeleşmelerine itergi berdi.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Aý­dyň mak­sat­lar — dur­nuk­ly ösüşiň kepili

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hö­kü­met mej­li­si­niň ba­şyn­da 2024-nji ýy­lyň ýan­war — iýun aý­la­ry­nyň mak­royk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ha­sa­bat döw­rün­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da gör­len çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de, je­mi içer­ki önü­miň dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün edil­di. Bu gör­ke­zi­ji se­na­gat pu­da­gyn­da 3,6 gö­te­ri­me, gur­lu­şyk­da 9,3 gö­te­ri­me, ulag we ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da 7,3 gö­te­ri­me, söw­da­da 7,8 gö­te­ri­me, oba ho­ja­ly­gyn­da 5,8 gö­te­ri­me, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 7,9 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, je­mi ön­dü­ri­len önüm 11,5 gö­te­rim art­dy. Şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­my bo­ýun­ça bö­lek sa­tuw ha­ryt do­la­ny­şy­gy, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 11

«Atym bar — ga­na­tym bar»

«At — myrat» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrypdyr. Bedewler toý-baýramlaryň baş bezegine öwrülipdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly döreden dünýä nusgalyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde has-da ösdürilýär. Ahal­te­ke at­la­ry gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi, aja­ýyp­ly­gy, ýyn­dam­ly­gy, çe­ýe­li­gi we çy­dam­ly­ly­gy bi­len dün­ýä­de şan-şöh­ra­ta eýe bol­ýar. Was­py be­lent­den ýe­ti­ril­ýän be­hiş­di be­dew­le­ri­miz hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy bol­mak bi­len, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na go­şan çäk­siz go­şan­dy­dyr. Ýur­du­myz­da be­dew­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek we ola­ry se­ýis­le­mek bi­len meş­gul­lan­ýan, mil­li gym­mat­lyk hök­mün­de ne­sil­den-nes­le ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän at­la­ryň ne­sil ug­ru­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän us­sat at­şy­nas­lar, se­ýis­ler sar­pa­la­nyl­ýar. Bu asyl däp­ler hä­zir­ki dö­wür­de ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çy­ka­ryl­ýar, at­çy­lyk pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Türk­men at­şy­nas­ly­gy­nyň bu ugur­da­ky hal­ka­ra ta­gal­la­la­ra go­şu­lyş­ma­gy bol­sa be­dew­le­riň baş sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gyn­da, dün­ýä at­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň öň­dä­ki orun­lar­da yk­rar ed

Döw­let­li mas­la­ha­ta taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne ba­dal­ga

20-nji iýul­da Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­nyň mej­li­si bol­dy. On­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ge­çi­ril­jek se­ne­si­ni kes­git­le­mek, de­giş­li gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­ny dö­ret­mek we onuň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, döwlet Baştutanymyz 12-nji iýul­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek hem-de on­da döw­let ösü­şin­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň jem­le­ri­ni jem­le­mek, öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mej­li­siň do­wa­myn­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hal­ky­my­zyň ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re buý­sa­nyp, döw­le­ti­mi­ziň be­ýik gel­je­gi­ne uly ynam bi­len ga­rap, je­bis­lik­de, ag­zy­bir­lik­de zäh­met çek­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Şun­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­le­ti do­lan­dyr­mak me­se­le­le­rin­de top­lan baý ta­ry­hy tej­ri­be­si, mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni b

Ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dy­ryp

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Il­ki bi­len, par­la­men­ta­ri­le­riň ga­ra­ma­gy­na «Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň aý­ry-aý­ry saý­law ok­rug­la­ry bo­ýun­ça saý­la­ny­lan de­pu­tat­la­ry­nyň yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny yk­rar et­mek ha­kyn­da» Mej­li­siň ka­ra­ry­nyň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di. Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 7-nji iýul­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 1-nji «Ga­raş­syz­lyk», 2-nji «Bi­ta­rap­lyk», 6-njy «Kö­pet­dag» saý­law ok­rug­la­ry bo­ýun­ça Mej­li­siň möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den de­pu­tat­la­ry­nyň ýe­ri­ne saý­law­lar ge­çi­ril­di. Mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­re açyk­lyk we aýan­lyk ýag­da­ýyn­da, giň bäs­deş­lik esa­syn­da ge­çi­ril­di hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ma­gyň, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň dur­mu­şy­nyň de­mok­ra­tik esas­la­ry­ny ber­kit­me­giň ýo­lun­da no­bat­da­ky äh­mi­ýet­li ädim bol­dy. Bu wa­ka türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýur­du­my­zyň

Möhüm çärä taýýarlyk

20-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek, degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlarda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda öňde boljak möhüm çärä taýýarlyk işleri, oňa hemmetaraplaýyn, jogapkärçilikli çemeleşmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada aýdyldy.

Halk maslahaty — halkyň baýramy

Milli jemgyýetimiziň syýasy-hukuk esaslarynyň durmuşa ukyply, il bähbitli, döwlet ähmiýetli ösüş ýollarynyň täze wezipelerini kesgitlemekde we halkyň ynam bildirýän wekilleri bilen maslahatlaşyp, geňeşip, möhüm çözgütleri kabul etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň aýratyn möhüm orny bardyr. Halk Maslahaty Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet bilen jemgyýetçiligiň arasynda hyzmatdaşlygyň, jemgyýetiň jebisliginiň berk köprüsine öwrüldi. Döwletimiziň ösüşiniň iň möhüm wezipeleri, jemgyýetçilik durmuşynyň döwrüň talaplaryna görä özgerdilmeginiň ugur-ýollary baradaky anyk çözgütleri kabul etmegiň münberine öwrülen Halk Maslahatynyň mejlislerine gatnaşýan ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetiň dürli gatlaklaryna wekilçilik edýän adamlar berkarar döwletiň ösüş ýollarynyň täze wezipelerine çuň düşünmek bilen, olary ýerine ýetirmegiň jogapkärçiligini ýürekden duýup, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, nesilleriň ygtybarly geljeginiň berk binýadyny döretmekde döwletimiziň mümkinçilikleriniň uludygyna göz ýetirýärler we halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen bu forumyň ýüze çykarýan täzeliklerini, bu ýerde öňe sürülýän başlangyçlary, öňde goýlan wezipeleri halkyň arasynda giňden düşündirmekde işjeňlik görkezýärler. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň wekilçiliginiň, isleg-arzuwlarynyň, watançylyk başlangyçlarynyň ýüze çykýan ýeri hökmünde uly abraýa we ynama eýe boldy. Halk Maslahat

Täzelikler

Halkyň çörek we çörek önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakda «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki 1-nji çörek kärhanasynda netijeli işler alnyp barylýar. Kärhanada şu ýylyň ýanwar—iýun aýlarynda çörek we çörek önümleriniň 5 müň 717 tonnasy öndürilip, ilata hödürlenildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 13 million 145 müň 178 manatlyga deň boldy. Alty aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edilip, 102 göterim ösüş gazanyldy. Kärhanada taýýarlanylýan çörek we aş önümleri bilen bir hatarda süýji-köke önümlerine-de islegler barha artýar.