«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024
Zähmetsöýerlik ynsany bezeýän iň ýagşy häsiýetleriň biridir. Hut şonuň üçin hem şöhratly pederlerimiz nesil terbiýesinde bu meselä aýratyn ähmiýet beripdirler. Ösüp gelýän ýaşlaryň il-güne wepaly, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda olaryň aňyna kiçilikden zähmetsöýerlik duýgularynyň ornaşmagyny gazanypdyrlar. Esasan hem, oglan çagajyklaryň eline kiçilikden pildir kätmen ýaly iş gurallaryny berseler, gyzjagazlara öý-içeriniň işleriniň ýany bilen boş wagtlary ellerine iňňedir sapak tutduryp, el işlerini hem ussatlyk bilen öwredipdirler. Bu peýdaly endikler ýaşlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmeklerini, peýdaly işlere sarp etmeklerini, ýaramaz hereketlerden daşda durmaklaryny gazandyrypdyr.