Hazaryň türkmen bölegi sagaldyş-dynç alyş we ekologiki syýahatçylygy ösdürmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Häzirki wagtda syýahatçylyk milli ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk hem ösmegine ýardam edýär.
2007-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň tanyşdyrylyş dabarasy dünýä möçberinde uly waka boldy hem-de ýurdumyzyň dynç alyş we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça täzeçe çemeleşmäniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu ähmiýetli taslamanyň esasy maksady Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň nukdaýnazaryndan şeýle wajyp taslamany hemmetaraplaýyn amala aşyryp, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýşy üçin zerur şertler bilen doly üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Şol ýylyň ahyrynda bu syýahatçylyk zolagyň ilkinji desgalarynyň gurluşyklaryna başlanyldy. 2009-njy ýylyň iýunynda Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze binalaryň açylyş dabarasy boldy.