«At — myrat» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrypdyr. Bedewler toý-baýramlaryň baş bezegine öwrülipdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly döreden dünýä nusgalyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde has-da ösdürilýär.
Ahalteke atlary gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyplygy, ýyndamlygy, çeýeligi we çydamlylygy bilen dünýäde şan-şöhrata eýe bolýar. Waspy belentden ýetirilýän behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan çäksiz goşandydyr. Ýurdumyzda bedewleri ösdürip ýetişdirmek we olary seýislemek bilen meşgullanýan, milli gymmatlyk hökmünde nesilden-nesle geçirilip gelinýän atlaryň nesil ugruny mynasyp dowam etdirýän ussat atşynaslar, seýisler sarpalanylýar. Bu asyl däpler häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykarylýar, atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Türkmen atşynaslygynyň bu ugurdaky halkara tagallalara goşulyşmagy bolsa bedewleriň baş sanynyň artdyrylmagynda, dünýä atçylygynda Türkmenistanyň öňdäki orunlarda ykrar edilmeginde ähmiýetli ädim bolup durýar. Şunda döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag hem-de seçgiçilik işleriniň alnyp barylmagyny, bu işlerde dünýä tejribesiniň, täze tehnologiýalaryň özleşdirilmegini, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegini, milli atçylyk sportuny mundan beýläk-de ösdürmegi möhüm ugurlar hökmünde kesgitledi. Bularyň ählisi ahalteke bedewleriniň täze neslini ösdürip ýetişdirmäge, olaryň şöhratyny artdyrmaga gönükdirilendir.