Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän sport mekdepleridir sport desgalarynyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen bellemek bolar. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Täze zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumyny görkezmek bolar. Bu ajaýyp sport toplumy şeýle desgalaryň biridir. Bu ýerde 4 açyk sport meýdançasy, şonça-da ýapyk sport zaly hereket edýär. Häzirki wagtda sportuň dzýudo, sambo, söweş sambosy, erkin göreş, kikboks, futbol we uly tennis görnüşleri boýunça türgenleşiklere ýaşlar uly höwes bilen gatnaşýarlar.
Kaşaň iri desgalaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýän döwrebap sport mekdepleri we sport desgalary ösüp gelýän ýaş nesillerimizi diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem terbiýelemekde, ýaşlarda maksadaokgunlylygy, tutanýerliligi, özlerine hem-de üstünliklere bolan ynamy kemala getirmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.