"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Eýranda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy, şeýle hem «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy birek-biregi mukaddes Oraza aýy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Eýranda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy, şeýle hem «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy birek-biregi mukaddes Oraza aýy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz hem-de bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriňiziň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

Ynsanperwerlik, adamkärçilik, haýyr-sahawatlylyk

jemgyýetiň kämilligini görkezýän gymmatlyklardyr Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň hem ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp, doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan işleriň barha rowaçlanmagy ynsanperwer ýörelgeleriň döwlet syýasaty derejesinde giň gerim alýandygyndan nyşandyr. Şu gün — 29-njy martda Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän bu gaznanyň döredilmegine laýyk 3 ýyl dolýar. Şu geçen gysga döwürde onuň alyp baran haýyr-sogaply işleri bolsa howandarlyga mätäç nijeme ynsanyň kalbynda umyt uçgunlarynyň döremegine sebäp boldy.

«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet»

23-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belledi hem-de Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berdi.

Halka haýyrly işler

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Iş maslahatynda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli 29-njy martda Arkadag şäherinde giň möçberli medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilleşdirilendigi barada aýdyldy. Şeýle hem gaznanyň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynda bolup geçen heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalara ynsanperwerlik ýükleri ugradylandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şöhratly wakalara beslenýän taryhy günlerinde «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyňyzyň halkymyza gowuşmagy mynasybetli Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy gülledip ösdürmek barada alyp barýan döwletli tagallalaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, 2024-nji ýylyň 27-nji marty) Essalawmaleýkim, hormatly adamlar!

Gülleýär, galkynýar gadymy mekan

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni ösüş-özgerişlere, toý-baýramlara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bahar paslynyň şatlykly günleriniň buýsançly wakalary bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar. Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaralarynyň yzysüre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy, dünýäniň çar künjünden alymlaryňdyr döredijilik işgärleriniň, doganlyk halklaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda gadymy Änew topragynda uly dabaralaryň guralmagy ildeşlerimiziň göwün guşuna ganat baglap, syýasy, ykdysady we medeni taýdan galkynýan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy.

Türkmenistan — dünýä medeniýetiniň ojagy

Mälim bolşy ýaly, 23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň medeniýetini, edebiýatyny, milli mirasyny düýpli öwrenmek, gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň gadymy şäherlerinde we arheologik hem-de taryhy ýadygärlikleriň merkezlerinde döwlet-taryhy goraghanalarynyň giň toplumynyň döredilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamanyň esasy wezipesi milli mirasymyzy gorap saklamakdan hem-de bu ugurda geçirilýän ylmy-barlag işlerine täze depgin bermekden ybaratdyr. Türkmenistanyň taryhy we

Ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmegiň bähbidine

Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy üpjün etmek babatda dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berýär. Döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasaty ählumumy howpsuzlygy berkitmekde, häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini tapmakda, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin amatly şertleri döretmekde, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Milletler Bileleşiginiň  tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilendir. Ýurdumyz halkara gatnaşyklaryň gün tertibindäki gaýragoýulmasyz meselelere çynlakaý çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine mynasyp jogap berýän oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň halkara giňişligindäki ähmiýetli ornuny has-da berkidýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, 2024-nji ýylyň 27-nji marty) Essalawmaleýkim, hormatly adamlar!

Halkyň agzybirligi we rowaçlygy — döwletiň kuwwat çeşmesi

27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy we hajy Arkadagymyz bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Mübärek Oraza aýynda geçirilen bu çäre halkymyzyň ýagşy dessurlarynyň ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygyny dabaralandyrdy. Her bir öý-ojakdan başlanýan döwletiň kuwwatlylygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygynyň ygtybarlylygy, ilkinji nobatda,  halkynyň agzybirligine  baglydyr. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz: «Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr» diýende, bize hemişe  nuranalygy bilen uzalyp gitjek ýoly görkezýändir. Rowaclykda, gülläp ösüşde, ykdysady kuwwatyň artmagynda  bolsa ýurt asudalygy, il agzybirligi, arzuwlaryň wysaly, maksatlaryň myrady, döwletliligiň ýol salmagy, işleriň, ykballaryň şowlap gitmegi, iň esasysy bolsa, başlan işiňi, aýdan sözüňi Beýik Perwerdigäriň oňlamagy bardyr. Munuň üçin döwlet bilen halkyň jebisligini gazanmak möhümdir.  

Durnukly ösüşiň maksady

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik ynsanperwerlige ýugrulan taýsyz tagallalary bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine üç ýyl dolýar. Taryh üçin uzak bolmadyk üç ýylyň içinde bu haýyr-sahawat gaznanyň ýurdumyzda we dünýä ýurtlarynda amala aşyran ynsanperwer, sahawatly işleri halkara jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe boldy. Dünýäniň görnükli syýasatçylary, döwlet ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer garaýyşlary, sahawatly işleri amala aşyrmagyň, parahatçylygy üpjün etmegiň kämil mekdebidigi hakynda minnetdarlyk we buýsanç bilen nygtaýarlar.

Sahawat daragtynyň saýasy

Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän kämil ýörelgeleri bar. Ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, ejizi goldamak ýaly asylly ugurlary özünde jemleýän şol ýörelgeler halkymyzyň millet hökmünde kämilleşmeginde, jemgyýetde jebisligiň  pugtalanmagynda mynasyp orun eýeläpdir. Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynda türkmen halkyna mahsus ýagşy dessurlary baş ýörelge edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli ähmiýet berilmelidigini belledi.