Sahawat daragtynyň saýasy

28 Mart 2024
354

Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän kämil ýörelgeleri bar. Ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, ejizi goldamak ýaly asylly ugurlary özünde jemleýän şol ýörelgeler halkymyzyň millet hökmünde kämilleşmeginde, jemgyýetde jebisligiň  pugtalanmagynda mynasyp orun eýeläpdir.

Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynda türkmen halkyna mahsus ýagşy dessurlary baş ýörelge edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli ähmiýet berilmelidigini belledi.

Didar ORAZOW,
Daşoguz welaýatynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.