Halka haýyrly işler

29 Mart 2024
298

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.

Iş maslahatynda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli 29-njy martda Arkadag şäherinde giň möçberli medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilleşdirilendigi barada aýdyldy. Şeýle hem gaznanyň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynda bolup geçen heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalara ynsanperwerlik ýükleri ugradylandygy bellenildi.

«Arkadag».