Halkyň agzybirligi we rowaçlygy — döwletiň kuwwat çeşmesi

28 Mart 2024
278

27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy we hajy Arkadagymyz bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Mübärek Oraza aýynda geçirilen bu çäre halkymyzyň ýagşy dessurlarynyň ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygyny dabaralandyrdy.

Her bir öý-ojakdan başlanýan döwletiň kuwwatlylygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygynyň ygtybarlylygy, ilkinji nobatda,  halkynyň agzybirligine  baglydyr. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz: «Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr» diýende, bize hemişe  nuranalygy bilen uzalyp gitjek ýoly görkezýändir. Rowaclykda, gülläp ösüşde, ykdysady kuwwatyň artmagynda  bolsa ýurt asudalygy, il agzybirligi, arzuwlaryň wysaly, maksatlaryň myrady, döwletliligiň ýol salmagy, işleriň, ykballaryň şowlap gitmegi, iň esasysy bolsa, başlan işiňi, aýdan sözüňi Beýik Perwerdigäriň oňlamagy bardyr. Munuň üçin döwlet bilen halkyň jebisligini gazanmak möhümdir.  

Laçyn PÜRJÄÝEWA,
«Adalat».