"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ýar senden

Ýaňaklary läläm, pisse dahanym, Men döner men, köňlüm dönmez ýar, senden.

Geliň, matal çözeliň!

Dynç alýan hem-de boş wagtlaryň matallardyr tapmaçalary çözmekligiň-de özboluşly lezzeti bar. Onsoňam, ýaşyna garamazdan, adamyň pikirleniş we ýatkeşlik duýgularyny ösdürmekde olaryň ähmiýetiniň uludygyny ýatdan çykarmasak gowy. Matallaryň ýaşaýyş-durmuşymyzda, galyberse-de, geçmiş taryhymyzda ata-babalarymyzyň ulanan esbaplaryna, gurallaryna hem-de beýleki zatlara ýaş nesillerimizde söýgi döretmekde-de hyzmaty uludyr. Agzy gyzyl alamat,

Täsinlikler dünýäsinde

Düýe özüne duşmançylyk eden adamy uzak wagtlap ýadynda saklaýar. Ol kine saklan adamsynyň ýüzüne pyşgyryp-da, üstüne topulyp-da biler. ***

Hoja Batyryň degişmeleri

MEN SATYN ALJAKDYRYN Murgap etrabyndan çäçdepeli Meret Öweziň goňşusynyň bir bezzat ogly bar eken. Bir gün ol Merediň ýanyna gelip:

Belentlik

Bu şanly güne ähli türkmen ili, aýratyn hem edebiýat, sungat bilen iş salyşýan adamlar sabyrsyzlyk bilen garaşdy, sebäbi gojaman Köpetdagyň etegindäki baýyrlykda bina edilen Magtymguly şahyryň buýsanjaň heýkeli halkymyzyň geçmişiniň, şu gününiň, geljeginiň arşa göterilmesidir. Oguz handan, Gorkut atadan gözbaşly milli ruhyýetiň dabaralanmasy, şahyryň edebi mirasyny öwrenmäge, nesilden-nesle geçirmäge ömrüni bagyş eden edebiýatçylaryňdyr bagşy-sazandalaryň zähmetine sarpanyň belentlige galmasydyr. Magtymgula Köpetdagyň eteginde belent heýkel dikmek türkmeniň köňlünde göterip gelen arzuwydyr diýsek, ýerlikli bolardy. Bu arzuw Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns-aladasy bilen wysala gowuşdy. Özem Milli Liderimiz bu asylly işiň badalga alaly bäri, ol ýerde gurluşyk işleriniň barşy bilen içgin gyzyklanyp durdy. Medeni-seýilgäh toplumynyň binagärliginde ulanyljak gurluşyk serişdelerinden başlap, ekiljek bag nahallarydyr beýleki gözellik serişdeleri, Magtymguly Pyragynyň hem-de dünýä edebiýatynyň öňdebaryjy söz ussatlarynyň oturdyljak heýkelleri barada öz gymmatly belliklerini, pikirlerini paýlaşdy.

Ýaz pasly meýdan ýagşydyr

Şygryýet äleminiň ussady Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşyň ähli taraplary öz beýanyny tapypdyr. Biziň söhbedimiz şahyryň toprak, suw, ekerançylyk, daýhançylyk barasyndaky şygyrlary hakynda bolar. Akyldar şahyrymyzyň öz Watanyny, türkmen ilini nähili söýendigine göz ýetirmek üçin onuň «Jan istär» diýen goşgusyna ýüzleneliň. Onda Magtymguly:

Kalp kelamy — keramat (Hekaýa)

Kyýamatlyk dogany bilen jylaw deňläp barýan Magtymguly sakga duran Nury Kazyma soragly bakdy: — Näme boldy, gardaşym? Biz howlukmaç barýarys, tizara oba ýetmeli, atam ýoluma göz dikip garaşýandyr. Ýörite sargyt bilen Hindistandan getirilen melhemi näçe tiz eltsek, hassamyz ynjalyk tapjak.

Göwün sandygy açylanda (Bolan waka)

Dogduk depäm — mähriban obamda ýoluma göz dikip garaşýan çagalyk dostumyň — synpdaşymyň körpe oglunyň bagt toýuna gitmek üçin otla petek aldym. Otla ýerleşenim hem şoldy welin, gabat garşyma gelip oturan nurana ýaşulyny bir ýerde gören gojama meňzetdim-de, onuň bilen salamlaşdym. Ol pikirimi gözümden aňlan ýaly «Inim, saglyk gurgunlykmy, ýol bolsun, nirä ugradyň, meni tanyşlaryň birine meňzetdiň öýdýän?!» diýip birgiden sowal bilen üstümi gömdi. Men baş atdym-da, ýaşulynyň sowallaryna birme-bir jogap berdim. Asylly, agras, paýhasy gözlerinden görnüp duran goja duşanymdan, ukym zym-zyýat boldy-da, göwnüm açyldy. Asyl ol hem meniň barýan toýuma beýemçi hökmünde ugran eken. Ol meniň ogul öýerýän çagalyk dostumyň daýysy bolup çykdy. Ýaşuly döşüni ýapyp duran ak sakgalyny sypap, otlynyň penjiresinden daşaryny synlap oturyşyna barmaly ýerimiziň bir bolup çykandygyna begendi. Men hem goja öz pikirimi aýtman bilmedim:

Ruhy asudalygyň syry (Tymsal)

Bir şägirt halypanyň ýanyna baryp: — Siz örän akylly, özüňiz hem hemişe ruhubelent, keýpiçag görünýärsiňiz, siziň gaharlanan wagtyňyzy hiç göremzok. Meniň hem siz ýaly bolasym gelýär, maňa-da durmuşda şeýle bolmaga kömek ediň, maslahat beriň — diýip, haýyş edipdir. Halypa onuň haýyşyny kabul edipdir we şägirdine alma bilen içi görünýän torba getirmegi tabşyrypdyr. Soňra ol:

Ýüreklerde orun alan şahyr

Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik şahyryň täze kitaby hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyza gowuşdy. Has takygy, türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly täze kitap çapdan çykdy. Bu kitapda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilipdir. Kitabyň ilkinji sanynyň Gahryman Arkadagymyza iberilmegi hem örän buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen ýygyndysynyň halkymyz üçin möhüm ähmiýeti bardyr. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini bellemek möhümdir. Çünki şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun alandyr. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleriniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi ajaýyp gözelligi emele getirdi. Beýik şahyryň bu medeni-seýilgäh toplumy geljekki nesillere baky mirasd

Nepis sungat

Gözelleriň duýgusy deý ajaýyp,Milli mirasymyz — türkmen halysy.Ýüregiň joşdurar, kalba nur çaýyp,Milli mirasymyz — türkmen halysy. Heňňamlarda sünnälenen sungatdyr,Eneleriň mähri siňen suratdyr.Nepis barmaklardan dörän gudratdyr,Milli mirasymyz — türkmen halysy.

Milli paýhasyň heýkeli

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-nji maýynda Köpetdagyň gözel gerşinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallasy bilen bina edilen akyldar şahyrymyzyň belent heýkeli dabaraly açyldy. Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini halkara jemgyýetçiligine ýaýmakda uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylan 60 metrlik bu monumental ýadygärlik dünýäde şahyryň hormatyna dikeldilen iň belent heýkeldir. Alyslardan howalanyp görünýän bu heýkel türkmen ruhunyň arşa göterilmesidir, milli paýhasa dikilen ýadygärlikdir. Turuwbaşdan, tutuş milletimiziň buýsanjyna öwrülen bu heýkel Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň, tutuş halkymyzyň Magtymguly Pyraga, şygryýete goýýan belent sarpasynyň dabaralanmasydyr. Türkmen milletine, galyberse-de, tutuş adamzada niýetläp döreden paýhas diwanyny golunda saklap, buýsançly nazaryny gül Diýarymyza gönükdiren akyldar atamyzyň heýkeli ylham akabaňa hyruç berýär. Şol pursat kalp töründen biygtyýar buýsançly setirler dömüp başlaýar. Magtymguly Pyragynyň belent heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşyp, ýakymly duýgulary başdan geçirýän pursadym dörän şu goşgym hem onuň aýdyň mysalydyr.

Beýik akyldary hatyralap...

Golaýda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Paýhas bilen dürler saçan Pyragy, adamzat köňlüniň synmaz çyragy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ýerli we daşary ýurtly agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylym-bilim edaralarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňýanynda oňa gatnaşyjylar Milli «Ak bugdaý» muzeýine baryp gördüler. Gadymy gymmatlyklaryň, milli miraslarymyzyň jemlenen bu ojagynda myhmanlar duz-çörek hem-de çagalar döredijilik toparynyň belent mukamly owazy bilen garşylandy. Soňra muzeýiň işgäri olary bu ýerdäki täsin tapyndylar, eksponatlar bilen tanyşdyrdy. Her bir eksponata uly gyzyklanma bilen syn eden daşary ýurtly türkmenlerde bäş müň ýyllyk ömri bolan ak bugdaýyň dänejikleri, irki döwürlerde ulanylan öý hojalyk gurallary aýratyn täsir galdyrdy. Olaryň käbiri ýaş wagtlary el degirmenini üwäp, käbeleriniň un edişini görendiklerini aýtsalar, başga birleri sokuda özleriniňem däne döwendiklerini gürrüň berdiler. Mahlasy, muzeýde görlen her bir eksponat, edilen her bir gürrüň hemmeler

Magtymguly Pyragynyň özbek ilindäki sarpasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar» diýlip bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dünýäniň çar künjünde bellenilýän ýylyna öwrüldi. Golaýda Özbegistan döwletiniň Ürgenç, Daşkent şäherlerinde-de bu toý mynasybetli özbek, garagalpak we türkmen Magtymgulyşynaslarynyň gatnaşmagynda birnäçe dabaraly çäreler, halkara ylmy maslahatlar geçirildi. ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň, Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen medeniýeti merkeziniň guramagynda geçirilen bu çärelere, halkara ylmy maslahata gatnaşanymyzda biz özbek halkynyň beýik türkmen akyldaryna bolan belent sarpasyny görüp, iki doganlyk halkyň gadymdan gelýän gatnaşyklarynyň bu günki gün belent derejelere çykandygynyň ýene bir gezek şaýady bolduk. Türkmen-özbek halklarynyň bu doganlyk gatnaşyklarynyň gün-günden ösmegi — munuň özi iki döwletiň Prezidentleriniň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň aýdyň miweleridir.

Halyly sütün

— Türkmen halylary biri-birinden nagyşlary, reňkleriň utgaşygy we dokalyşynyň tehnikasy bilen tapawutlanýar. Birinji topara ahalteke halylary girip, olar bir argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 240 — 340 müň we şondan-da köp çitimden durýar. Ikinji topara iki argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 220 — 340 müň we şondan-da köp çitimden ybarat bolan teke, pendi halylary girýär. Iki argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 174 — 232 müň we şondan-da köp çitimli ýomut, çowdur halylary üçünji topara degişlidir. Dördünji toparda iki argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 156 — 200 müň hem-de ondan köp çitimli gyzylaýak, Kerki, beşir halylaryny görkezmek bolar. Şekilli we ýüz keşpli haly önümleri hem aýratyn bir topardyr.

PY­RA­GY BI­LEN

Çal du­ta­ry, be­lent ýaň­lan­syn bu gün,Döw­rüň ajap sa­zy diň­len­sin bu gün,Göz ýi­te­lip, akyl dur­lan­syn bu gün, Köň­le yl­ham ge­ler Py­ra­gy bi­len. Bir tä­miz çeş­me­li — bal bi­len şe­ker, — Ili­ni gan­dy­rar, il­le­re akar. Dün­ýä dag üs­tün­den dag bo­lup ba­kar,Gö­wün tu­guň ga­lar Py­ra­gy bi­len.

«Baryp, mesgen tutam sizi, daglar, heý!»

Akyldar şahyryň heýkeliniň açylyş dabarasyndan soňky oýlanmalar Ýagşyň arassa howasy. Dag eteginiň gözelligi. Hoş owazly aýdymlar. Sözüň güýji hakyndaky gyzykly gürrüňler. Mähirli dideler. Bularyň ählisini birlikde duýmagyň ýakymy başgaça. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-nji maýynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik akyldarymyzyň heýkeliniň açylyş dabarasy mynasybetli ýygnanyşan adamlaryň ählisiniň şol ýakymly pursatlary başyndan geçirendigini ikirjiňlenmän aýdyp bolar.

Ýürekleň töründe adyň, Pyragy!

Daglary synlap oturyşyňa, seriňi gaplap alýan oý-pikirler seni asyrlaryň jümmüşine sary alyp gidýär. Keremli daglarda nähili güýjüň, nähili gudratyň bardygy barada oýlananyňy duýman galýarsyň. Ençe şatlykly wakalary başdan geçirip, kän hasratlary gerdeninde çeken daglar, jana şypaly melhem suwly, egrem-bugram ýol-ýodaly, almaly, injirli, narly, kert-kert gaýaly, jülgeli daglar baradaky pikirleriň seni şygyrlaryň şasy Magtymguly Pyragynyň döwrüne aralaşdyrýar. Çünki şanyna müň dessan ýazmaly daglarda Magtymguly Pyragynyň keşbi galypdyr. Dünýe döräli duran, gözelligini synlap ganyp bolmaýan şol daglaryň — Köpetdagyň iň bir gözel ýerinde oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy şahyra uly hormatdan nyşan bolup, onuň ömrüniňdir döredijiliginiň şol daglardan aýra däldigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzdyr hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen oturdylan ýadygärlik alyslardan seleňläp görünýär. Bu bolsa dana atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasyp sowgatdyr. Daglaryň arasynda küren tutan obalaryň biri — Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň torç edip gezen ýerleri, dünýä inen, göbek ganynyň daman topragy. Türkmen topragy keremli toprak. Zehini bilen at-owazasy äleme dolan beýik şahsyýetleri dünýä beren toprak. Gündogaryň saýrak bilbilleri Nurmuhammet Andalybyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragyny

Angela Merkeliň 700 sahypalyk ýatlamalar kitaby neşir ediler

Şu ýylyň 26-njy noýabrynda Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkel tarapyndan ýazylan täze ýatlamalar kitaby satuwa çykarylar. Täze kitap «Azatlyk» diýlip atlandyrylyp, onuň daşynda syýasatçy zenanyň alyslara garap duran keşbi ýerleşdiriler. Kitap 30 ýurduň kitap dükanlarynda satlyga çykar. Angela Merkeliň Kýoln şäheriniň «Kiepenheuer and Witsch» neşirýatynda çap ediljek 700 sahypalyk ýatlamalarynda 1954 — 2021-nji ýyllaryň aralygyndaky wakalar öz beýanyny tapýar. Merkele onuň kanselýariýasynyň öňki başlygy Beata Bauman awtordaşlyk edýär.

Poeziýa

DAGLARYM Dogan ýerne dogan sanyp, dostum kibi görenim,