Göwün sandygy açylanda (Bolan waka)

21 Maý 2024
286

Dogduk depäm — mähriban obamda ýoluma göz dikip garaşýan çagalyk dostumyň — synpdaşymyň körpe oglunyň bagt toýuna gitmek üçin otla petek aldym. Otla ýerleşenim hem şoldy welin, gabat garşyma gelip oturan nurana ýaşulyny bir ýerde gören gojama meňzetdim-de, onuň bilen salamlaşdym. Ol pikirimi gözümden aňlan ýaly «Inim, saglyk gurgunlykmy, ýol bolsun, nirä ugradyň, meni tanyşlaryň birine meňzetdiň öýdýän?!» diýip birgiden sowal bilen üstümi gömdi. Men baş atdym-da, ýaşulynyň sowallaryna birme-bir jogap berdim.

Asylly, agras, paýhasy gözlerinden görnüp duran goja duşanymdan, ukym zym-zyýat boldy-da, göwnüm açyldy. Asyl ol hem meniň barýan toýuma beýemçi hökmünde ugran eken. Ol meniň ogul öýerýän çagalyk dostumyň daýysy bolup çykdy. Ýaşuly döşüni ýapyp duran ak sakgalyny sypap, otlynyň penjiresinden daşaryny synlap oturyşyna barmaly ýerimiziň bir bolup çykandygyna begendi. Men hem goja öz pikirimi aýtman bilmedim:

Ysmaýyl PAZZYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Aşgabat şäheriniň döwlet Arhiwiniň Maglumat bermek boýunça arhiwçisi.