Beýik akyldary hatyralap...

21 Maý 2024
314

Golaýda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Paýhas bilen dürler saçan Pyragy, adamzat köňlüniň synmaz çyragy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ýerli we daşary ýurtly agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylym-bilim edaralarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň öňýanynda oňa gatnaşyjylar Milli «Ak bugdaý» muzeýine baryp gördüler. Gadymy gymmatlyklaryň, milli miraslarymyzyň jemlenen bu ojagynda myhmanlar duz-çörek hem-de çagalar döredijilik toparynyň belent mukamly owazy bilen garşylandy. Soňra muzeýiň işgäri olary bu ýerdäki täsin tapyndylar, eksponatlar bilen tanyşdyrdy. Her bir eksponata uly gyzyklanma bilen syn eden daşary ýurtly türkmenlerde bäş müň ýyllyk ömri bolan ak bugdaýyň dänejikleri, irki döwürlerde ulanylan öý hojalyk gurallary aýratyn täsir galdyrdy. Olaryň käbiri ýaş wagtlary el degirmenini üwäp, käbeleriniň un edişini görendiklerini aýtsalar, başga birleri sokuda özleriniňem däne döwendiklerini gürrüň berdiler. Mahlasy, muzeýde görlen her bir eksponat, edilen her bir gürrüň hemmeleriň geçmişimize bolan guwanjyny artdyryp, bagtyýar şu günümize buýsanç bulagyny joşdurdy.

Hezretguly BORJAKOW,
DTYB-nyň köpçülikleýin we şahsy agzalar bilen işlemek boýunça bölüminiň baş hünärmeni.