Ýürekleň töründe adyň, Pyragy!

20 Maý 2024
481

Daglary synlap oturyşyňa, seriňi gaplap alýan oý-pikirler seni asyrlaryň jümmüşine sary alyp gidýär. Keremli daglarda nähili güýjüň, nähili gudratyň bardygy barada oýlananyňy duýman galýarsyň. Ençe şatlykly wakalary başdan geçirip, kän hasratlary gerdeninde çeken daglar, jana şypaly melhem suwly, egrem-bugram ýol-ýodaly, almaly, injirli, narly, kert-kert gaýaly, jülgeli daglar baradaky pikirleriň seni şygyrlaryň şasy Magtymguly Pyragynyň döwrüne aralaşdyrýar. Çünki şanyna müň dessan ýazmaly daglarda Magtymguly Pyragynyň keşbi galypdyr. Dünýe döräli duran, gözelligini synlap ganyp bolmaýan şol daglaryň — Köpetdagyň iň bir gözel ýerinde oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy şahyra uly hormatdan nyşan bolup, onuň ömrüniňdir döredijiliginiň şol daglardan aýra däldigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzdyr hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen oturdylan ýadygärlik alyslardan seleňläp görünýär. Bu bolsa dana atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasyp sowgatdyr.

Daglaryň arasynda küren tutan obalaryň biri — Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň torç edip gezen ýerleri, dünýä inen, göbek ganynyň daman topragy. Türkmen topragy keremli toprak. Zehini bilen at-owazasy äleme dolan beýik şahsyýetleri dünýä beren toprak. Gündogaryň saýrak bilbilleri Nurmuhammet Andalybyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, ýüzlerçe alymlardyr akyldarlaryň, şahyrlaryň, sungat ussatlarynyň, taryhda öçmejek yz galdyryp giden ägirtleriň dünýä inen topragydyr. Şol ägirtler ylym we döredijilik dünýäsinde uly meşhurlyga eýe bolup, ölmez-ýitmez yz galdyran ogul-gyzlardyr.

Rejepberdi HOMMATLYÝEW,
«Watan».