"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň tä­ze önüm­le­ri

Dö­re­di­ji­lik­li işiň ne­ti­je­si şow­lu­ly­ga bar­ýar. Biz mu­ňa türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň alyp bar­ýan iş­le­ri­ni syn­la­ny­myz­da-da aý­dyň göz ýe­tir­dik. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 14 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lanyp ge­çi­ril­ýän ser­gi­de täze önüm­le­r bilen tanyşdyk.  Bu ser­gä azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän «Owa­dan ül­ke» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti şu ýyl çy­kan tä­ze önüm­le­ri bi­len öz pa­wil­ýo­ny­ny be­zäp­dir. «Ma­ýo­nez», «Po­mi­dor üw­me­ji», «Hoz­ly De­sert pas­ta­sy», «Ha­zy­na» (mes­ge ýa­gy) söw­da ny­şan­ly täze önüm­ler ýa­kyn gel­jek­de türk­men hal­ky­nyň mu­kad­des sa­ça­gy­nyň naz-nyg­ma­ty bol­mak bi­len çäk­len­män, da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň hem ösen is­le­gi­niň eýe­si bo­lar. 2016-njy ýyl­da dö­re­di­len bu ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti il­kin­ji gezek «Nur» ha­ryt ny­şa­ny bi­len önüm ön­dü­rip baş­lap­dy.

«BE­RE­KET­LI» HO­JA­LYK JEM­GY­ÝE­TI­NE 30 ÝYL

Aş­ga­bat­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi zalynda Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 14 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li geçirilýän ser­gi­de öň­de­ba­ry­jy kärhanala­ryň 200-e go­la­ýy­nyň pa­wil­ýon­la­ry gör­ke­zil­ýär. Şo­la­ryň ara­syn­da «Be­re­ket­li» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti-de bar. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň dö­re­dil­me­gi­ne 30 ýyl dol­ýar. Bu ba­ra­da «Be­re­ket­li» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň hü­när­me­ni Gül­mer­jen Ka­za­ko­wa şeý­le gürrüň berdi: — «Be­re­ket­li» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti 1992-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Soň­ky 30 ýy­lyň için­de ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­miz özü­niň ön­dür­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri bi­len ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň we da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň uly yna­my­na my­na­syp bol­ma­gy ba­şar­dy. Şu gün­ki gün­de bi­ziň za­wo­dy­myz­da hü­när­men­le­riň uly to­pa­ry zäh­met çek­ýär. Iş­le­ýän­le­riň iş we dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ra esas­la­nyp, ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­miz bir­nä­çe iş­le­ri ama­la aşyr­ýar.

«Franchi­se» holdingi sa­tyn al­mak bäs­le­şi­gi­ne go­şul­ýar

«Wi­ta­min Shop­pe» we «Bud­dy's Ho­me Me­bel» ýa­ly bö­lek sa­tuw dü­kan­la­ryň eýe­si «Franchi­se» hol­dingi uni­wer­mag­lar top­lu­my­ny — «Kohl's» korporasiýasyny sa­tyn al­mak me­ýil­na­ma­sy­ny yg­lan et­di. «Franchi­se» her paý­na­ma ABŞ-nyň 69 dol­la­ry­ny tö­lär, ge­le­şi­giň umu­my ba­ha­sy bol­sa ABŞ-nyň, tak­my­nan, 9 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lar. Ýö­ne şeý­le-de bol­sa, «Franchi­se»-iň tek­li­bi iň ýo­ka­ry däl­dir. Gym­mat ba­ha­ly saý­la­ma ha­ryt­la­ry sat­ýan dü­kan­la­ryň ope­ra­to­ry «Hud­son's Bay» kom­pa­ni­ýa­sy «Kohl's»-yň her paý­na­ma­sy­na ABŞ-nyň 70 dol­la­ry­ny tö­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aýd­ýar. Ge­çen birža söw­da­laryn­da «Kohl's»-yň paý­na­ma­la­ry 5,35% ös­di we ABŞ-nyň 60,3 dollaryna ba­ra­bar bol­dy.

«Phil­lips 66» kompaniýasynyň baş di­rek­to­ry iş­den gid­ýär

Ame­ri­ka­nyň «Phil­lips 66» köp­mil­let­li ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­syn­da 10 ýyl iş­län Greg Gar­land 2022-nji ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­dan kom­pa­ni­ýa­nyň baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry we­zi­pe­sin­den gid­ýän­di­gi­ni yg­lan et­di. Gar­land di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji baş­ly­gy we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rer, kom­pa­ni­ýa­nyň pre­zi­den­ti we baş iş do­lan­dy­ry­jy­sy Mark La­şer bol­sa, baş di­rek­tor we­zi­pe­si­ni öz üs­tü­ne alar. Kom­pa­ni­ýa­nyň kär­ha­na­la­ryn­da se­na­gat, aw­tou­lag, de­ňiz we awia­si­ýa ýag­la­ry, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy, ýük aw­tou­lag­la­ry we gar aw­tou­lag­la­ry üçin ýag­la­ý­jy ji­sim­le­r ön­dü­ril­ýär. Ge­çen birža söw­da­laryn­da «Phil­lips»-iň paý­na­ma­la­ry 0,63% ös­di we ABŞ-nyň 81,97 dol­la­ry­na deň bol­dy.

«Louis Vuit­ton»-yň söwdalary 23% artdy

«Louis Vuit­ton»-yň we «Di­or»-yň önüm­le­ri­ne bo­lan ýo­ka­ry is­leg «LVMH» korporasiýasynyň 2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­däki söw­da­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­dy. «Hen­nes­sy» we «Sep­ho­ra» ýa­ly dün­ýä bel­li brend­le­riň eýe­si «LVMH» kor­po­ra­si­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, söw­da­la­ry­ny 23% art­dy­ryp, 18 mil­liard ýew­ro ýe­tir­di. Bu gör­ke­zi­ji «Jef­fe­ries» ma­ýa go­ýum ban­ky­nyň be­ren 18% çak­la­ma­syn­dan ar­tyk gel­di. Korporasiýanyň ýo­ka­ry de­re­je­li mo­da egin-eşik we de­ri önüm bö­lüm­çe­si­niň söw­da­la­ry 30% ösüp, bi­ler­men­le­riň 17% çak­la­ma­syn­dan has ýo­ka­ry bol­dy.

«Epic Ga­mes» kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-nyň 2 mil­liard dol­la­ry­ möçberinde maýa çekdi

In­ter­net oýun­la­ry­ny dö­red­ýän «Epic Ga­mes» kom­pa­ni­ýa­sy «So­ny Group»-dan we «Le­go Group» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň eýe­si «Kirk­bi» hol­dinginden ABŞ-nyň 2 mil­liard dol­la­ry möçberinde ma­ýa çek­di. Şeý­le­lik­de, «Fort­ni­te» oý­nu­ny dö­re­di­ji kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar ba­ha­sy 31,5 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bol­dy. Ge­le­şik ama­la aşy­ry­lan­dan soň «Kirk­bi» şol kom­pa­ni­ýa­nyň 3%-niň, «So­ny» bol­sa, 4,9%-niň eýe­si bo­lar. «Epic Ga­mes» bi­len «Lego» 2022-nji ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de ça­ga­lar üçin howp­suz in­ter­net gi­ňiş­li­gi­ni dö­ret­mek ba­bat­da uzakmöh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­ga gol çe­kip­di­ler. «Epic Ga­mes»-iň baş di­rek­to­ry Tim Sui­­niň söz­le­ri­ne gö­rä, bu ma­ýa go­ýum ça­ga­lar üçin ýö­ri­te­leş­di­ri­len in­ter­net gi­ňiş­li­gi­ni dö­ret­mä­ge ýar­dam be­rer.

Hususy pudakda gazanylan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň binýadynyň barha berkeýändigini kepillendirýär

13-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda guralan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy hormatly Prezidentimize hasabat berdiler. Birleşme häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär. Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar.

Telekeçilik: täze başlangyçlar, şanly sepgitler

12-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady we ol aýyň 18-ine çenli dowam eder. Serginiň ikinji gününde hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşmagy hem-de telekeçilerimiziň öndüren önümleri bilen tanyşmagy örän ähmiýetli boldy. Sergä ýurdumyzyň hususyýetçileriniň 200-den gowragy öz diwarlyklary we öndüren önümleri bilen gatnaşdy. Sergi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezdi. «Nesil» gazetiniň döredijilik topary sergä gatnaşyp, işi rowaç telekeçiler bilen söhbetdeş boldy.

Döredijilikli gözlegiň miwesi

Gözel paýtagtymyzyň Günorta böleginde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanylyp guralan sergi dowam edýär. Sergi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy önüm öndürijileriň hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek bilen bagly berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda döredijilikli gözlegde bolýandyklaryny görkezdi.

Telekeçileriň dabaraly maslahaty

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününiň 14 ýyllygy mynasybetli, welaýat kitaphanasynda dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň, TSTP-niň welaýat komitetiniň bilelikde guran bu maslahatyna welaýatymyzyň dürli ýerlerinde iş alyp barýan telekeçilik kärhanalarynyň wekilleri, hususy telekeçiler gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary Maksud Töräýew, «Ynsan kalby» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Agamyrat Söýünow, telekeçi Döwletgeldi Durdyýew we beýlekiler çykyş edip. Garaşsyz ýurdumyzyň telekeçilik pudagyny ösdürmek barada amala aşyrylýan işler, telekeçileriň yhlasly zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olardan görnüşi ýaly, şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak bilen, welaýatymyzyň telekeçileri giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Häzirki wagtda welaýatymyzda telekeçilere degişli bolan önümçilik kärhanalarynyň, ýyladyşhanalaryň köp sanlysy hereket edip, ilatyň isleg bildirýän dürli görnüşli önümlerini öndürmekde oňat netijeleri gazanylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna goşant goşmak babatynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Maslahatyň ahyrynda göreldeli telekeçileriň birnäçesine H

Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy

Aşgabat, 13-nji aprel. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar.

Işewürligiň röwşen gadamlary

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Türkmen telekeçileri rowaçlyklaryň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýarlar” diýip belledi. Bu hakykaty paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda birnäçe gün bäri dowam edýän sergi aňryýany bilen subut edýär. Sergi zalynyň giň pawilýonlaryny bezän önümleriň aglabasynyň täze harytlardygy hususy eýeçilikde döredijilikli işlenilýändiginiň alamatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen, 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Şol taryhy günden başlap, türkmen telekeçileri bir supranyň başyna jemlenip, agzybirlikde iş alyp barýarlar. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)» Kanunlaryň kabul edilmegi gowy netijeleri berdi. Birleşmäniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde 260 gektardan gowrak meýdanda döredilen Senagat zolagynda häzirki wagtda döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, innowasion tehnologiýalar esasynda iş alnyp barylýar.

Ýylyň iň gowy telekeçileri

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda giňden ýaýbaňlandyrylan türkmen işewürleriniň önümleriniň sergisinde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly azyk, senagat, gurluşyk harytlarydyr bu pudakda sanly ulgam arkaly amal edilýän giň möçberli işler, täze taslamalar bilen tanyşmaga, pikir we tejribe alyşmaga hem mümkinçilik bar. Serginiň çäklerinde guralan birleşmäniň agzalarynyň maslahatynda dürli ugurlar boýunça alnyp barlan işler baradaky hasabatlar diňlenildi. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de hususy eýeçilige täze tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda öňde goýlan wezipeler kesgitlenildi. Maslahatda birleşmäniň hususy telekeçileriň arasynda dürli ugurlar boýunça yglan eden «Ýylyň iň gowy telekeçisi» bäsleşiginiň jemi jemlendi. Netijede, 12 ugur boýunça bäsleşige gatnaşan hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, daýhan hojalyklarynyň, telekeçileriň arasyndan iň mynasyplary ýeňiji diýlip yglan edildi. Şolaryň hatarynda hususy pudakda göreldeli işleri bilen adygan «Derýaplastik», «Ak bulut», «Zamana», «Ýigit» hojalyk jemgyýetleri, «Batly gadam», «Çaly» hususy kärhanalary bilen birlikde, «T

Ýurdumyzyň altyn gaznasy

12-nji aprelde paýtagtymyzda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazananlarynyň, hususy pudagyň ýeten sepgitleriniň gözden geçirilişine öwrülen bu çäreler hususy haryt öndürijileriň öndürýän önümleriniň möçberini içerki we daşarky bazarlarda artdyrmaga, maýa goýum we innowasion işewürligi ösdürmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär.

Sazlaşykly ösüşleriň Diýary

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän täze önümçilikler bilen birlikde eksporta gönükdirilen harytlary öndürýän ýokary tehnologiýaly kärhanalar hem gurlup, işe girizilýär. Netijede, ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileriniň senagat, oba hojalyk önümleriniň, şeýle hem amala aşyrýan hyzmatlarynyň daşary ýurt bazarlaryndaky orny yzygiderli pugtalanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda ykdysadyýetiň we medeniýetiň dürli ugurlarynda uly ösüşleri gazanyp, ösen döwletleriň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde agzalan milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan ýokary netijeleri hem bulara aýdyň şaýatlyk edýär. Mejlisde agzalan maglumatlardan mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri durnukly häsiýete mahsusdyr. Ähli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, öndürilen önümiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 11,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köp boldy. Daşarky söwdanyň möçberi şu ýy

Hususy telekeçilik — ykdysady ösüşe goşant

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 14 ýyl boldy. Sanagly wagt geçen hem bolsa, türkmen telekeçileri tarapyndan alnyp barylýan işleriň gerimi giňeýär, öndürilýän önümler dünýä ýüzünde uly islegden peýdalanýar. Hususy telekeçileriň durmuşa geçirýän işleri gurluşyk pudagynda, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekde, dürli hyzmatlary etmekde ýokary hilliligi we netijeliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň öndürýän önümleri ýurdumyzda guralýan dürli sergilerde, bäsleşiklerde mynasyp baha eýe bolýar. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply bolan harytlaryň öndürilişini artdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan esasy işleri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda hususy telekeçilere döwletimiz tarapyndan ýakyndan goldaw edilmegine, hususy telekeçiligi ösdürmegiň pudaklaýyn geriminiň giňeldilmegine örän uly ähmiýet berilýär. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň, täze kärhanalary gurmagyň, bar bolanlarynyň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyzyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça birnäçe wezipeler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri ýurdumyzyň azyk we ýeňil senagatynda, gurluşyk pudagynda, syýahatçylykda, awtoulag

Türkmen telekeçiliginiň aýdyň ýoly

Telekeçiligiň ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýan döwletimizde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 14 ýyl doldy. Şu şanly sene mynasybetli 12-13-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sergi guraldy. «Türkmen telekeçileri rowaçlyklaryň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýarlar» diýlip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu şanly waka mynasybetli iberen Gutlagynda aýdylýar. Şol sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän agzalarynyň 200-den gowragy geçen döwürde gazanan üstünliklerini görkezdi. Sergi bilen utgaşyklykda geçirilen maslahatda türkmen telekeçileriniň gazanan üstünlikleri we täze wezipeleri, hususan-da, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy ulgamy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýeri gelende aýtsak, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň üç aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 164,5 göterime hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 108,1 göterime barabar boldy.

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty geçirilýär

Aşgabat, 12-nji aprel. Şu gün paýtagtymyzda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Türkmenistanda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: “Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder” diýip belledi. Bu maksatlara ýetmegiň ýoly Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen taryhy mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” beýan edildi.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň kuwwaty artýar

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty geçirilýär Aşgabat, 12-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.

Telekeçilere berilýän döwlet goldawynyň miweleri

Düýn Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de maslahat öz işine başlady. Şu gün hem dowam edýän foruma hususyýetçileriň 200-den gowragy gatnaşyp, dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri, önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar. Biz ýurduň altyn gaznasyna deňelýän hususy pudagyň wekilleriniň käbiriniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik.