Sazlaşykly ösüşleriň Diýary

13 Aprel 2022
1284

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän täze önümçilikler bilen birlikde eksporta gönükdirilen harytlary öndürýän ýokary tehnologiýaly kärhanalar hem gurlup, işe girizilýär. Netijede, ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileriniň senagat, oba hojalyk önümleriniň, şeýle hem amala aşyrýan hyzmatlarynyň daşary ýurt bazarlaryndaky orny yzygiderli pugtalanýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda ykdysadyýetiň we medeniýetiň dürli ugurlarynda uly ösüşleri gazanyp, ösen döwletleriň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde agzalan milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan ýokary netijeleri hem bulara aýdyň şaýatlyk edýär. Mejlisde agzalan maglumatlardan mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri durnukly häsiýete mahsusdyr. Ähli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, öndürilen önümiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 11,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köp boldy. Daşarky söwdanyň möçberi şu ýylyň birinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, eksportyň we importyň artdyrylmagynyň hasabyna 40,9 göterim ýokarlandy. Geçen döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 3,9 milliard manada ýa-da jemi içerki önümiň 14,6 göterimine barabar boldy. Elbetde, bu maglumatlar milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedir.

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlaryň doktory.