Ýylyň iň gowy telekeçileri

14 Aprel 2022
1338

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda giňden ýaýbaňlandyrylan türkmen işewürleriniň önümleriniň sergisinde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly azyk, senagat, gurluşyk harytlarydyr bu pudakda sanly ulgam arkaly amal edilýän giň möçberli işler, täze taslamalar bilen tanyşmaga, pikir we tejribe alyşmaga hem mümkinçilik bar. Serginiň çäklerinde guralan birleşmäniň agzalarynyň maslahatynda dürli ugurlar boýunça alnyp barlan işler baradaky hasabatlar diňlenildi. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de hususy eýeçilige täze tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda öňde goýlan wezipeler kesgitlenildi.

Maslahatda birleşmäniň hususy telekeçileriň arasynda dürli ugurlar boýunça yglan eden «Ýylyň iň gowy telekeçisi» bäsleşiginiň jemi jemlendi. Netijede, 12 ugur boýunça bäsleşige gatnaşan hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, daýhan hojalyklarynyň, telekeçileriň arasyndan iň mynasyplary ýeňiji diýlip yglan edildi. Şolaryň hatarynda hususy pudakda göreldeli işleri bilen adygan «Derýaplastik», «Ak bulut», «Zamana», «Ýigit» hojalyk jemgyýetleri, «Batly gadam», «Çaly» hususy kärhanalary bilen birlikde, «TSTB-niň baýry halypa işewüri» ugry boýunça ýeňiji bolan Kakajan Täşliýew, Artykguly Rejepow, Rozmyrat Töräýew, Saparmuhammet Gapurow ýaly tejribeli işewürler hem bar.

(Ýörite habarçymyz).