Hususy telekeçilik — ykdysady ösüşe goşant

13 Aprel 2022
1139

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 14 ýyl boldy. Sanagly wagt geçen hem bolsa, türkmen telekeçileri tarapyndan alnyp barylýan işleriň gerimi giňeýär, öndürilýän önümler dünýä ýüzünde uly islegden peýdalanýar. Hususy telekeçileriň durmuşa geçirýän işleri gurluşyk pudagynda, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekde, dürli hyzmatlary etmekde ýokary hilliligi we netijeliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň öndürýän önümleri ýurdumyzda guralýan dürli sergilerde, bäsleşiklerde mynasyp baha eýe bolýar.

Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply bolan harytlaryň öndürilişini artdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan esasy işleri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda hususy telekeçilere döwletimiz tarapyndan ýakyndan goldaw edilmegine, hususy telekeçiligi ösdürmegiň pudaklaýyn geriminiň giňeldilmegine örän uly ähmiýet berilýär. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň, täze kärhanalary gurmagyň, bar bolanlarynyň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyzyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça birnäçe wezipeler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri ýurdumyzyň azyk we ýeňil senagatynda, gurluşyk pudagynda, syýahatçylykda, awtoulag toplumynda, mebel önümçiliginde, dokma senagatynda we başga-da birnäçe ugurlarda üstünlikli işleýärler. Bu bolsa eziz Watanymyzyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen telekeçileri ýurdumyzda özgertmeleriň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýarlar.

Ýörite habarçymyz.